Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da özbek raýaty tussag edildi


Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri ýurduň Idaho ştatynda özbegistanly bir raýatyň terrorizmde aýyplanyp, tussag edilendigini mälim etdiler.

Resmileriň maglumatyna görä, 30 ýaşly Fazliddin Kurbanow Idaho ştatynyň Boýse şäherinde çarşenbe güni tussag edilipdir.

Oňa 2012-nji ýylyň awgusty bilen 2013-nji ýylyň maýy aralygynda kanun taýdan gadagan Özbegistan Yslam Hereketine tehniki we ideologiýa taýdan ýardam beriji işleri alyp baranlykda aýyplama bildirilýändigi aýdylýar.

Özbegistanly bu raýata bir partlaýyjy enjama eýelik etmekde hem-de partlaýyjy we köpçülikleýin gyryjy enjamlar barada maglumatlary ýaýratmakda-da aýyplama bildirilýär.
XS
SM
MD
LG