Sepleriň elýeterliligi

Mun bilen Lawrow gepleşik geçirdi


Orsýete sapar edýän BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun anna güni ýurduň günortasyndaky Soçi şäherinde Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşiklerde esasan Siriýadaky krizis bilen baglanyşykly meseleler üns merkezinde boldy.

Gepleşigiň yzýany gurnalan metbugat konferensiýasynda Ban Ki Mun Siriýadaky krizisler bilen baglanyşykly ähli taraplaryň gatnaşmagynda halkara konferensiýasyny geçirmek barada Orsýetiň we Birleşen Ştatlaryň öňe süren ideýasyny goldaýandygyny aýtdy.

Ban Ki Mun öz saparynyň barşynda Orsýetiň prezidenti Putin bilen-de gepleşik geçirmegi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG