Sepleriň elýeterliligi

Türkmen delegasiýasy Eýrana ugrady


Magtymguly-Pyragynyň şygyrýet gününiň bosagasynda penşenbe güni Türkmenistanyň döredijilik delegasiýasy Eýranyň Gülüstan welaýatyna sapara ugrady.

Soňky ýyllarda däp bolşy ýaly, bu gezek hem türkmenistanly döredijilik işgärleri 18-nji maýda Eýranyň bu welaýatynda ýerleşýän Magtymgulynyň guburyna zyýarat ederler we şahyryň hormatyna döredijilik çäresini geçirerler.

18-nji maýda türkmen klassyk şahyry Magtymguly-Pyragynyň hormatyna şygyrýet gününi geçirmek däbi Türkmenistanda Sowet häkimiýeti ýyllarynda ýola goýlupdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda bu däp birneme üýtgedilip, 18-nji maý gününi Magtymguly-Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň şygyrýet güni hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýa, Galkynyş we Agzybirlik güni hökmünde-de bellemeklik karar edildi.
XS
SM
MD
LG