Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda günä geçişlik yglan edildi


Türkmenbaşy şäherindäki türmäniň korridorynyň içki görnüşi. Türkmenbaşy, iýun, 2008.

Türkmenbaşy şäherindäki türmäniň korridorynyň içki görnüşi. Türkmenbaşy, iýun, 2008.

Anna güni Aşgabatda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki maslahaty geçirildi.

Oňa wise-premýerler we ministrler birlikde käbir pudaklaryň ýolbaşçylary-da gatnaşdylar. Bu bilelikdäki maslahatda halk hojalygynyň pudaklaryndaky häzirki möhüm meselelere garaldy we käbir täze kararlara gol çekildi.

Prezident G.Berdimuhamedow käbir beýleki permanlar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Konstitusiýa, Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly-Pyragynyň şygyrýet gününe gabatlap, tussaglaryň bir toparynyň günäsini geçmek baradaky permana-da gol çekdi.

Berdimuhamedow şeýle permanyň ata-babalaryň beýik ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alnyp, kabul edilýändigini nygtady.

Bu karara gol çekmeginiň yzy bilen ol Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň baýramçylyk güni öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmeklige görkezme berdi.

Prezidentiň gol çeken bu permanynda 926 tussagyň günäsiniň geçilip, olaryň azatlyga goýberilmelidikleri aýdylýar. Ýöne günäsi geçilen bu adamlaryň atlary heniz türkmen metbugatynda çap edilmedi.

Şeýlelikde, günäsi geçilen adamlaryň arasynda “syýasy tussaglar” diýlip hasaplanylýan adamlaryň bardygy ýa ýokdugy hem häzirlikçe belli bolman galýar.

Käbir ýerli synçylar soňky ýyllar baýramçylyklara gabatlanyp, günäsi geçilýän adamlaryň sanawyny metbugatda çap etmek kadasynyň Türkmenistanda ýatyrylandygyny belleýärler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri günäleri geçilýän adamlaryň sanawyny metbugatda çap etmek kadasynyň ýatyrylmagynyň sebäpleri barada hiç hili düşündiriş bermeýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG