Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Tussaglaryň günäsi geçildi


Anna güni Aşgabatda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki maslahaty geçirildi.

Bu bilelikdäki maslahatda halk hojalygynyň dürli pudaklaryndaky käbir möhüm meselelere garaldy we birnäçe täze permana gol çekildi.

Prezident G.Berdimuhamedow käbir beýleki permanlar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Konstitusiýa, Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly-Pyragynyň şygyrýet gününe gabatlap, tussaglaryň bir toparynyň günäsini geçmek baradaky permana-da gol çekdi.

Permanda 926 tussagyň günäsiniň geçilip, olaryň azatlyga goýberilmelidikleri aýdylýar. Ýöne günäsi geçilen bu adamlaryň atlary heniz türkmen metbugatynda çap edilmedi.

Şeýlelikde, günäsi geçilenleriň arasynda “syýasy tussaglar” diýlip hasaplanylýan adamlaryň bardygy ýa ýokdugy hem häzirlikçe belli bolman galýar.
XS
SM
MD
LG