Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky hüjümlerde 75 adam öldi


Yrakda soňky üç günüň dowamynda amala aşyrylan dürli hüjümlerde jemi 75-den gowrak adam öldi. Munuň özi soňky aýlaryň dowamynda Yrakdaky iň uly ýitgili hüjümler hasaplanylýar.

Soňky uly ýitgili hüjümlerden biri anna güni Bakuba şäherinde amala aşyryldy. Bu şäherdäki sünni musulmanlarynyň metjitlerinden biriniň golaýynda yzly-yzyna amala aşyrylan iki sany partlamada 40-dan gowrak adam öldi.

Anna güni Bagdatda aşyrylan başga bir partlamada bolsa 20 töweregi adamyň ölendigi habar berilýär.

Bu partlamalaryň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almandyr. Partlamalary amala aşyryjylaryň maksady hem häzirlikçe belli bolman galýar.
XS
SM
MD
LG