Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sarnaýewiň suratyny almaga rugsat berilmedi


Anna güni Birleşen Ştatlaryň Magistrat sudy Boston partlamasynda aýyplanylýan Johar Sarnaýewiň aklawçylaryna tussaglykdaky Sarnaýewiň suratyny almaklygy gadagan edýän karar çykardy.

Johar Sarnaýewiň aklawçylary Sarnaýewiň tussaglykda berýän görkezmeleriniň näderejede meýletinlik bilen berilýän görkezmelerdigini şübhe astyna alyp, onuň psihiki we fiziki ýagdaýyna gözegçilik etmek isleýändiklerini aýdýarlar.

Hut şu maksat bilenem aklawçylar wagtal-wagtal özlerine Johar Sarnaýewiň suratyny almaklyga rugsat berilmegini sorap, Magistrat suduna ýüz tutdylar.

Emma sudýa Sarnaýewiň tussaglykda saklanýan türmesiniň düzgünine görä, onuň içine surat kameralaryny salmaklygyň gadagandygyna salgylanmak bilen, aklawçylaryň bu baradaky haýyşyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwürdi.
XS
SM
MD
LG