Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Täze kanuna garalmagy togtadyldy


Şenbe güni Owganystanyň parlamenti aýal-gyzlaryň zorluklara sezewar edilmeklerine garşy niýetlenen kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyny togtatdy.

Muňa parlamentdäki konserwatiw deputatlaryň bu kanuna garşy tutanýerlilik bilen garşylyk görkezmekleri sebäp boldy.

Aşa konserwatiw deputatlar aýal-gyzlary zorluklardan goramaklygy göz öňünde tutýan kanuny “yslama garşy gelýän” kanun hökmünde häsiýetlendirip, beýle kanunyň kabul edilmegine garşy çykyş edýärler.

Owganystanyň aýal deputatlary 2009-njy ýylda ýurduň prezidenti tarapyndan oňlanylan bu kanunyň taslamasyny parlamente tassyklatmak üçin parlamentiň garamagyna hödürläpdiler.
XS
SM
MD
LG