Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýetiň Siriýa berýän ýardamlaryna alada bildirýär


Birleşen Ştatlaryň Baş ştabynyň komanduýuşisi general Martin Dempseý. Waşington, aprel, 2012.
Birleşen Ştatlaryň Baş ştabynyň komanduýuşisi general Martin Dempseý. Waşington, aprel, 2012.
Anna güni Birleşen Ştatlaryň Baş ştabynyň komanduýuşisi general Martin Dempseý Orsýetiň Siriýanyn režimine gämilere garşy ulanylýan raketalary satmak baradaky kararyny tankyt etdi.

General Martin Dempseý Orsýetiň bu kararyny “gynandyryjy karar” diýip atlandyryp, bu raketalaryň Siriýadaky uruşlaryň has-da ýaramazlaşmagyna we uzaga çekmegine ýardam etjekdigini öňe sürdi.

Onuň bu çykyşynyň öňýany “New York Times” gazeti ýakynda Orsýetiň Siriýanyň hökümetine gämilere garşy ulanylýan “Ýakhont” kysymly raketalary berendigini habar berdi. Maglumata görä, bu raketalar kämil radar sistemasy bilen-de üpjün edilen.

Habar çeşmeleriniň maglumatlarynda bu raketalaryň Orta ýer deňzinde Siriýanyň kenar ýakalaryna ýakyn aralykda hereket edýän harby gämilere howp abandyrmagynyň mümkindigi aýdylýar.

“Töwekgelçiligi artdyrýar”

ABŞ-nyň Baş ştabynyň komanduýuşisi general Martin Dempseý Orsýet tarapyndan berilýän şeýle raketa goldawlarynyň prezident Başar al-Assadyň özüni has ynamly duýmagyna ýardam etmeginiň mümkindigini aýdyp, muňa öz aladasyny bildirdi.

“Bu ýagdaý gapma-garşylygy we töwekgelçilikleri has-da artdyrýar. Emma muňa hötde gelmeklik bir bolmajak zat däl. Meni esasy alada galdyrýan zat Orsýetiň bu sistemalaryna eýe bolup, Başar al-Assadyň özüni has howpsuz duýmagynyň mümkindigidir” diýip, general Dempseý belledi.

Şu mesele bilen bagly geçirilen metbugat konferensiýasynda ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Heýgel hem Orsýeti Siriýanyň hökümetine harby ýardam bermek işlerine täzeden garamaklyga we bu ýardamlary togtatmaklyga çagyrdy.

Ol Birleşen Ştatlaryňam, Orsýetiňem regionda ýüze çykmagy mümkin urşuň öňüni almaklyga gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, Siriýany ýaraglandyrmaklygyň Ýakyn Gündogar regiony üçin “howply” hereketdigini nygtady.

Orsýet uzak wagtlardan bäri Siriýanyň ýakyn soýuzdaşlaryndan biri hasaplanylýar. Ol Siriýanyň içindäki konfliktlere daşarky güýçleriň gatyşmaklaryna-da garşy çykyş edip gelýär.

Siriýanyň hökümeti bilen ýarag söwdasyny alyp barýan Moskwa Siriýanyň içinde konfliktleriň kem-kem möwç alýandygyna-da garamazdan, özüniň bu ýurda ýarag satmak baradaky kontraktlaryny berjaý etjekdigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG