Sepleriň elýeterliligi

“Ýewrowideniýe” bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy


“Ýewrowideniýe” festiwalynyň final tapgyrynda daniýaly Emmelie de Forest ýeňiji boldy. Malmo, 18-nji maý, 2013.

“Ýewrowideniýe” festiwalynyň final tapgyrynda daniýaly Emmelie de Forest ýeňiji boldy. Malmo, 18-nji maý, 2013.

Şenbe güni agşamlyk Şwesiýanyň Malmo şäherinde aýdym aýtmak boýunça geçirilen halkara “Ýewrowideniýe” festiwalynyň final tapgyrynda daniýaly Emmelie de Forest ýeňiji boldy.

Ol final bäsleşikde “Only teardrops” atly aýdymy bilen bu bäsleşigiň final tapgyryndaky 25 sany beýleki aýdymçydan öňe geçdi.

20 ýaşly daniýaly Emmelie de Forest dünýäniň dürli künjeklerinden tomaşaçylaryň we emin agzalarynyň beren sesleri boýunça 281 bal gazandy. Ikinji orna özüniň “Hold me” atly aýdymy bilen azerbaýjanly Farid Mammedow eýe boldy, ol 234 bal gazandy.

“Ýewrowideniýe” bäsleşiginde azerbaýjanly Farid Mammedow (sagda) ikinji orna eýe boldy.

“Ýewrowideniýe” bäsleşiginde azerbaýjanly Farid Mammedow (sagda) ikinji orna eýe boldy.

Ukrainaly ýaş aýdymçy gyz Zlata Ognewiç “Grawity” diýen aýdymy bilen üçünji orny eýeledi, ol 214 bal gazanmagy başardy.

Aýdymçylara baha bermeklik Ýewropanyň 39 ýurdunyň her birinden ýerli emin agzalarynyň sesi hem-de tomaşaçylaryň telefon arkaly göni ýollan sesleri esasynda kesgitlendi. Bu ses berişlikde haýsydyr bir aýdymçynyň öz ýurdundan oňa ses bermeklik gadagan.

“Ýewrowideniýe” festiwalyny gurnaýjylar bäsleşigiň final tapgyryna tutuş dünýä boýunça göni efirde 125 million töweregi adamyň tomaşa edendigini aýdýarlar.

Geljek ýyl Daniýada geçer

Bu bäsleşikde daniýaly aýdymçynyň ýeňiş gazanmagy geljek ýyl bu “Ýewrowideniýe” bäsleşiginiň Daniýada geçiriljekdigini hem aňladýar.

Munuň özi “Ýewrowideniýe” festiwalynyň taryhynda daniýaly aýdymçylaryň gazanan üçülenji ýeňşidir. Soňky gezek şeýle ýeňşi Daniýadan Olsen Brozers 2000-nji ýylda özüniň “Fly on the wings of love” atly aýdymy bilen gazanypdy.

Şenbe günki final bäsleşikde daniýaly Emmelie de Forest sahna aýakýalaňaç çykdy we öz aýdymyny fleýtanyň hem-de deprekleriň sazy astynda ýerine ýetirdi.

“Ýewrowideniýe” bäsleşiginde ukrainaly Zlata Ognewiç üçünji orny eýeledi.

“Ýewrowideniýe” bäsleşiginde ukrainaly Zlata Ognewiç üçünji orny eýeledi.

Ýeňşiniň yzýany habarçylara beren interwýusynda Emmelie de Forest öz ýeňşini ejesine we kakasyna bagyşlaýandygyny aýdyp, şeýle diýdi: “Men özümiň Daniýa üçin, aýratynam Şwesiýa üçin ýeňiş getirendigime şeýle şat. Sebäbi meniň kakam şwed, ol muňa örän buýsanar. Men edil häzir özümi örän bagtly duýýaryn”.

Şenbe güni Şwesiýada gurnalan “Ýewrowideniýe” festiwalynda şwesiýaly legendar “ABBA” aýdym-saz toparyna aýratyn hormat we minnetdarlyk bildirildi. “ABBA” topary hem 1974-nji ýylda “Ýewrowideniýe” bäsleşiginiň ýeňijisi bolupdy we şondan soň bu toparyň aýdym-sazlary bütin dünýä meşhur bolup başlapdy.

Final agşamsynyň başynda “ABBA” toparynyň agzalary Bjorn Ulwaeus bilen Benni Anderssonyň bilelikde ýazan aýdymy diňleýjilere eşitdirildi. Bäsleşigiň netijeleri yglan edilende bolsa, şwesiýaly aýdymçy Sarah Daun Finer “ABBA” toparynyň “The winner takes it all” atly aýdymyny aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG