Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýewrowideniýäniň” ýeňijisi belli boldy


Şenbe güni agşamlyk Şwesiýanyň Malmo şäherinde aýdym aýtmak boýunça geçirilen halkara “Ýewrowideniýe” festiwalynyň final tapgyrynda daniýaly Emmelie de Forest ýeňiji boldy.

Ol final bäsleşikde “Only teardrops” atly aýdymy bilen bu bäsleşigiň final tapgyryndaky 25 sany beýleki aýdymçydan öňe geçdi.

20 ýaşly daniýaly Emmelie de Forest dünýäniň dürli künjeklerinden tomaşaçylaryň we emin agzalarynyň beren sesleri boýunça 281 bal gazandy. Ikinji orna özüniň “Hold me” atly aýdymy bilen azerbaýjanly Farid Mammedow eýe boldy, ol 234 bal gazandy.

Ukrainaly ýaş aýdymçy gyz Zlata Ognewiç bolsa “Grawity” diýen aýdymy bilen üçünji orny eýeledi, ol 214 bal gazanmagy başardy.

“Ýewrowideniýe” festiwalyny gurnaýjylar bäsleşigiň final tapgyryna tutuş dünýä boýunça göni efirde 125 million töweregi adamyň tomaşa edendigini aýdýarlar.

Bu bäsleşikde daniýaly aýdymçynyň ýeňiş gazanmagy geljek ýyl bu “Ýewrowideniýe” bäsleşiginiň Daniýada geçiriljekdigini hem aňladýar.
XS
SM
MD
LG