Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda iki adam dardan asyldy


Ýekşenbe güni Eýranda Ysraýylyň we Birleşen Ştatlaryň bähbidi üçin içalyçylyk edenlikde aýyplanyp ölüm jezasyna höküm edilen iki raýat dardan asylyp jezalandyryldy.

Tähranyň prokuraturasy jezalandyrylyp öldürilen Mohammad Heýdari bilen Houroş Ahmadiniň Eýranyň döwlet syrlaryna degişli gizlin maglumatlary Ysraýylyň we Birleşen Ştatlaryň razwedka gulluklaryna satandyklaryny aýdýar.

ISNA habar agentliginiň maglumatyna görä, olary dardan asyp jezalandyrmak baradaky çäre Ýokary suduň rugsady bilen amala aşyrylypdyr.
XS
SM
MD
LG