Sepleriň elýeterliligi

Karaçide gaýtadan ses berişlik geçirilýär


Ýekşenbe güni Pakistanyň Karaçi şäherinde parlament saýlawlary bölekleýin ýagdaýda täzeden geçirilýär.

Muňa oppozision “Tehreki-Insaf” partiýasynyň wise-prezidenti hanym Zohra Şahid Hussaýniň şenbe güni bu şäherde atylyp öldürilmegi sebäp boldy.

Oňa hüjüm eden ýaragly adamalara gaçyp gizlenmek başartdy. Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.

Bu oppozision partiýanyň lideri, kriket boýunça ozalky sport ýyldyzy Imran Khan geçen hepde sesleriň galplaşdyrylandygyny öňe sürüp, ses sanawlarynyň gaýtadan geçirilmegine çagyryş edipdi.

Ol öz partiýasynyň wise-prezidentiniň atylyp öldürilmeginde Karaçi şäherinde sesleriň köplügine eýe bolandygy yglan edilen “Muttahida Kaumi Hereketi” atly partiýany aýyplady.
XS
SM
MD
LG