Sepleriň elýeterliligi

Hizbulla Siriýanyň goşunlaryna ýardam berýär


Siriýa boýunça ynsan hukuklaryny goraýjy gurama Liwandaky Hizbulla toparynyň söweşijileriniň goldamagynda ýekşenbe güni Siriýanyň hökümet güýçleriniň ýurduň Kusair şäherindäki ýaragly söweşijilere garşy güýçli operasiýa başlandygyny habar berýär.

Düýbi Londonda ýerleşýän bu guramanyň maglumatyna görä, bu operasiýanyň öňýany Siriýanyň güýçleri bu şäheriň üstünde howa hüjümlerini geçiripdirler.

Kusair şäherini oppozision söweşijilerden arassalamak boýunça alnyp barylýan häzirki söweşlerde Liwanyň Hizbulla toparynyň söweşijileriniň uly rol oýnaýandyklary habar berilýär.

Maglumata görä, edil häzirki wagta çenli bu hüjümlerde azyndan 20 töweregi adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG