Sepleriň elýeterliligi

Ozalky täjik ministri tussag edildi


Ýekşenbe güni Täjigistanyň ozalky senagat ministri, belli biznesmen Zaid Saidow paýtagt Duşenbede tussag edildi. Zaid Saidow şu ýylyň aprel aýynda “Täze Täjigistan” ady bilen täze bir oppozision partiýa döretmekçidigini yglan edipdi.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy ýurduň ozalky ministriniň ýekşenbe güni Duşenbe şäheriniň aeroportunda daşary ýurtdan dolanyp gelen badyna, tussag edilendigini habar berýär.

Bu wakanyň öňýany Täjigistanyň korrupsiýa garşy göreş edarasy Zaid Saidowyň bikanun pul ýuwuşlyk, parahorluk we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak ýaly birgiden jenaýatçylykly işlerde aýyplanýandygyny öňe sürüpdi.

Zaid Saidowyň özi bu aýyplamalary özüniň oppozision syýasy işler bilen meşgullanmagyna garşy häkimiýetler tarapyndan görkezilýän basyş çäresi hökmünde häsiýetlendirýär.
XS
SM
MD
LG