Sepleriň elýeterliligi

"Hizbullah" topary al-Assady goldaýar


Düýbi Liwanda ýerleşýän ”Hizbullah” toparynyň söweşijileri gozgalaňçylaryň elindäki şäheri yzyna gaýtaryp almak ugrundaky söweşde Siriýanyň hökümet goşunlaryna kömek berýärler.
Hökümet güýçleri we şaýy ”Hizbullah” toparynyň söweşijileri Liwanyň serhedine golaý ýerleşýän we ýaşaýjylarynyň aglabasy sünni musulmanlardan ybarat Kuseýr şäherini gozgalaňçylardan gaýtaryp almaga synanyşýarlar.
Habar berilişine görä, hökümet güýçleri ýekşenbe güni şäheri harby uçarlardan we artilleriýadan bombalapdyr. Ondan başga-da hökümeti goldaýan güýçleriň şäheriň merkezine aralaşandygy aýdylýar.

Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýän oppozision gurama bu söweşlerde azyndan 52 adamyň öldürilendigini habar berýär.

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu ”Hizbullah” söweşijileriniň Siriýadan ýarag edinip bilmezligi üçin Ysraýylyň hereket etmäge taýýardygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG