Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň premýer-ministri Delide


Hytaýyň premýer-ministri Li Kikýaň Pekiniň Deli bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny ýola goýjakdygyny aýdýar. Ol bu sözlerini duşenbe güni Delide Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singh bilen duşuşygynda aýtdy.
Liniň aýtmagyna görä, dünýäniň iň köp ilatly iki ýurdy özara strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýman halatynda “dünýäde parahatçylyk” bolup bilmez. Bu Hytaýyň premýer-ministriniň mart aýynda bu wezipä geçeli bäri Hindistana ilkinji iş saparydyr.
Bu duşuşyk Hindistan bilen Hytaýyň Gimalaý daglaryndaky serhet liniýasy barada uzak wagtdan bäri dowam edýän dawasynyň ýakynda dartgynlaşmagynyň yzysüre bolup geçýär.
Deli, Hindistana degişli bolan territoriýa Hytaý goşunynyň aralaşandygyny we munuň hem öz gezeginde iki ýurduň arasynda dartgynlygyň emele gelmegine sebäp bolandygyny aýdýar.

Şol dartgynlylyk, iki ýurduň esgerleri yzlaryna çekilýänçä, üç hepdeläp dowam edipdi.
Hindi-Hytaý aragatnaşyklarynyň dartgynly bolmagynyň ýene bir sebäbi Hytaýyň Hindistanyň esasy garşydaşy bolan Pakistany ýarag bilen üpjün etmegidir.
XS
SM
MD
LG