Sepleriň elýeterliligi

Karzaý Hindistandan kömek soramakçy


Prezident Hamid Karzaýyň duşenbe güni Hindistana etjek saparynyň dowamynda owgan ýaragly güýçlerini goldamagyny haýyş edip, Delä ýüzlenjekdigi aýdylýar.

Prezident Karzaýyň bu üç günlük sapary Owganystan bilen Pakistanyň aragatnaşyklarynyň has dartgynly pursatyna gabat geldi.
Pakistan bilen Owganystan şu aýyň başynda araçäkde ýüz beren we bir ofiseriň ölümine getiren atyşykda biri-birini aýyplapdylar. Ondan başga-da iki ýurt söweşijelere pena bermekde-de biri-birini aýyplaýarlar.
Prezidentiň sözçüsi Aimal Faizi, prezident Karzaýyň delegasiýasynyň Hindistandan owgan goşunynda ýetmezçilik edýän ýarag-esbap problemasyny çözmäge kömek sorajakdygyny habar berdi. Owganystan bilen Hindistan strategik hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga 2011-nji ýylda gol goýupdy.

Bu ylalaşykda Hindistanyň Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerini türgenleşdirmegi baradaky madda hem bar. Pakistanyň hökümeti bolsa Hindistanyň ýaragly güýçleriniň Pakistanyň daşyny gurşap almagyndan howatyr edýär.
XS
SM
MD
LG