Sepleriň elýeterliligi

Raýan Fogl Moskwany terk etdi


Orsýetiň NTV telekanalynyň habar bermegine laýyklykda içalyçylykda gümän edilýän ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçihanasynyň wekili Moskwany terk edipdir.
Agzalýan telekanal şübhe bildirilýän Raýan Fogluň Şeremetýewo aeroportunda pasport kontrolyndan geçýän pursatyny suratlandyrýan wideo ýazgylary halk köpçüligine ýetirdi.
Maglumatlara görä, Fogl sişenbe güni ýurdy terk edipdir.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy, Orsýetiň terrorçylyga garşy iş alyp barýan ofiserini içalyçylyga çekmäge synanyşanlygy üçin, Fogly gysga wagtlyk tussag edendigini aýtdy.
Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň habaryna görä, Fogl ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçihanasynyň syýasy bölüminiň 3-nji sekretary hökmünde “gizlinlikde” iş alyp barypdyr.
Orsýet telewideniýesinde görkezilen wideoýazgyda tussag edilen pursaty Fogluň ýanydan Moskwanyň kartasy, iki sany parik, ýagny emeli saç, içi puldan doly bukjalar we kompas tapylýar.

Şundan soň, persona non grata diýlip yglan edilip, Fogluň ýurdy terk etmegi talap edildi. ABŞ-nyň ilçihanasy bu ugurda öz reaksiýasyny bildirmekden gaça durdy.
XS
SM
MD
LG