Sepleriň elýeterliligi

Oklahoma:Tornadoda bir adam öldi


ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda ýüz beren tornado harasady zerarly azyndan bir adamyň heläk bolandygy aýdylýar.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, ýekşenbe güni güýçli ýel şäheriň içinden geçensoň, Oklahoma şäheriniň gündogaryndaky Şawni şäherinde 79 ýaşly bir zenan öli tapylypdyr.
Howpsuzlyk güýçleriniň maglumatlaryna laýyklykda, agzalýan ştatda tebigy betbagtçylyk zerarly 20 töweregi adam ýaralanypdyr. Oklahomanyň häkimi ştatyň 16 etrabynda adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi.
Tornado we güýçli ýel ýaly tebigy harasatlaryň Aýowa we Kanzas ştatlarynda hem bolandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG