Sepleriň elýeterliligi

Bazarlardaky "yzy üzülmeýän" barlaglar


"Gök bazar", Türkmenabat

"Gök bazar", Türkmenabat

Soňky döwürde Türkmenabat şäheriniň bazarlaryna barýan barlag komissiýalarynyň köpelendigi aýdylýar. Ol komissiýalaryň bazarlara hepdede 3-4 gezek hem gelýändikleri barada bazarlarda söwda edýän telekeçiler gürrüň berýärler.

Türkmenabadyň merkezi bazarynyň dükanlarynyň birinde gündelik durmuşda gerek bolan azyklary satýan we özüni Baýram diýip tanadan ildeşimiz bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Soňky wagt gaty köpeldi barlagçylaryň sany, günde-günde ertir-agşam saglygy goraýyş barlagçysy, şäher häkimliginiň söwda bölüminiň barlagçylary, sanitar gullugynyň işgärleri gelip durlar. Ol barlagçylar dokumentiň bolsa-da, arassaçylygyň gowy bolsa-da, bir kemçilik tapyp belläp bereýin diýip, belläp ýatyrlar”.

Belläp, näme netije çykarýarlar, näme talap edýärler diýip soralanda, söwdagär ýigit: “Belläbem näme, pul bermeli, jerime-de töleýäň, özüne-de töleýäň” diýip, jogap berdi.

Dawalar

Söwdagär ýigidiň sözlerine görä, barlag komissiýalarynyň ýanynda polisiýa işgäri bolýar. Sebäbi söwdagärler gelen barlagçylaryň talaplaryny ýerine ýetirmeýärler, wagtal-wagtal dawalaşylýar diýip, ol gürrüň berýär.

Gelýän komissiýalaryň esasy işiniň hemişelik ýeri bolmadyk we möwsümleýin bakja önümlerini satmaga gelýän zenanlary kowmakdan we kireýine ýer ýa-da dükan alyp söwda edýänlerden sanitar normalaryny berjaý etmekligi talap etmekden ybaratdygy barada söwdagärler aýdýarlar.

Söhbetdeşimiz Baýram kireýine dükan alyp, söwda edýän telekeçileriň biri. Barlag komissiýalarynyň özünden talap edýän zatlary barada söwdagär ýigit Azatlyk Radiosyna şeýle diýýär: “Talap, ine, ak halat geýmeli diýýär, kalpak geý diýýär, daşa zat çykarma, tozany ýok et diýýär, tozany nädip ýok etmeli ony? Bazarkomlar seretmeýär, bazar bulaşyp ýatyr”.

Onuň sözlerinden çen tutulsa, söwdagärleriň geýmeli egin-eşigi we arassaçylyk babatynda barlag komissiýalarynyň talaplary bilen ol ylalaşýar. Ýöne ol dükanyndan daş ýerdäki geçelgeleriň tozanyny, zir-zibilini aýyrmak ýaly bazar resmileriniň düzetmeli kemçilikleriniň-de söwdagärleriň üstüne atylmagyndan närazydygyny aýdýar.

Mundan başga-da Türkmenabadyň käbir bazarlaryna sanitar gözegçileriniň bellenendigini aýdýarlar. Resmi taýdan bellenen gözegçileriň bazarlaryň arassaçylygyna üns bermeýändiklerini söwdagärler belleýärler.

"Barlag üçin"

Il arasynda Gök bazar diýlip atlandyrylýan bazarda fitçi satýan Maksat bazara bellenen sanitar gözegçisiniň her gün et satýanlaryň hersinden barlag üçin diýip 300 grama golaý et alýandygyny, bazaryň çäginde bolsa, ýigrmä golaý et satýan söwdagärleriň bardygyny aýdýar.

Baýram, olar diňe et bilen çäklenmeýändigini, bu işde parahorlugyň dürli görnüşleriniň göze ilýändigini aýdýar: “Gelýän komissiýalar, barlagçylar, barlap, yzyndanam pul hantama bolýarlar hemmesi”

Söwdagärleriň öňe sürýän bu pikirlerini degişli resmilerden tassykladyp bolmady.

Emma bazarlara barlag komissiýalarynyň her gün diýen ýaly baryp durmagy, hemem her bazara sanitar gözegçisiniň bellenmegi barada söwdagärler, esasan, birmeňzeş pikiri orta atýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, bu barlaglar Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan ýakynda kabul edilen milli sagdyn iýmitleniş programmasyndan soň has-da ýygylaşypdyr. Onsoň soňky döwürlerde bazarlaryň azyk önümleri satylýan bölümlerinde barlag komissiýalaryny ýygy-ýygydan görmek bolýar.
XS
SM
MD
LG