Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý Hindistana sapar edýär


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý. 16-njy maý, 2013 ý.
Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý. 16-njy maý, 2013 ý.
Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý duşenbe güni Hindistana sapara çykdy. Garaşylyşyna görä, ol bu saparyň dowamynda Hindistandan Owganystanyň ýaragly güýçleri üçin goldaw sorar.

Prezident Karzaýyň üç günlük sapary Owganystan bilen Pakistanyň arasyndaky dartgynlylygyň barha artýan wagtyna gabat gelýär. Pakistanyň Hindistan bilen bolan gatnaşygy hem onlarça ýyl bäri dostlukly däl.

Owganystan bilen Pakistan birek-biregi serhedaşa ot açyşlykda aýyplaýarlar. Kabul üstümizdäki aýyň başlarynda bolan bir çaknyşykda Owganystanyň bir polisiýa işgäriniň öldürilendigini aýdýar.

Bu ýurtlaryň ikisi-de biri-birini öz serhediniň aňyrsynda bolýan hüjümlere jogapkär hasaplanýan söweşijilere pena bermekda aýyplaýarlar.

Yslamabat Hindistanyň Pakistanyň daşyny bu ýurda duşmançylykly güýçler, şol sanda Owganystanyň harby güýçleri bilen-de gabamaga synanyşýandygyny güman edýär. Şol sebäpden ol ençeme ýyllap Hindistan bilen Owganystanyň arasynda emele gelmegi mümkin güýçli ýaranlygyň öňüni bökdemäge synanyşýar.

1947-nji ýylda Britaniýa garaşlylykdan dynyp, iki sany özbaşdak ýurda öwrüleli bäri Hindistan bilen Pakistanyň arasynda üç gezek uruş turdy.

Hemaýat

Owgan prezidentiniň sözçüsi Aýmal Faizi Karzaýyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýanyň Owganystanyň harby zerurlyklaryny we kemçiliklerini doldurmak üçin Hindistandan kömek sorajakdygyny aýtdy. Ýöne Hindistanyň Owganystany nähili ýaraglar ýa beýleki kömekler bilen üpjün etmäge taýyndygy barada entek doly maglumat ýok.

Häzirki wagtda, çet ýurtly ýaragly güýçler 2014-nji ýylyň aýagyna çenli Owganystandan çykmaga taýýarlanyp ýörkä, bu ýurda täsir etmek ugrunda synanyşyklar barýar. Karzaýyň sapary hem Pakistanyň entek wezipesine girişmedik täze premýer-ministri Nawaz Şerifiň Hindistan bilen gatnaşygy gowulandyrmak barada beren wadasyndan soň bolýar.

Owgan hökümetiniň sözçüsiniň aýtmagyna görä, Karzaý Delide Owganystan bilen Pakistanyň arasynda kolonial döwürde çekilen serhet - Durand Liniýasynda gazaply hereketleriň artmagy barada hem pikir alşar.

Karzaýyň geçirjek gepleşiginden öň "Times of India" gazeti Owganystanyň Hindistandaky ilçisine salgylanyp, Owganystana Hindistandan "söweş üçin ýarag we enjam" gerekdigini ýazdy.

"Press Trust of India" hem soňra Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň bir sözçüsiniň Deliniň bu haýyşy bitirmäge taýyndygyny bildirendigini habar berdi.

Owganystan bilen Hindistan 2011-nji ýylda strategik ýaranlyk barada bir ylalaşyga gol çekişdiler. Bu ylalaşyk Deliniň Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerine harby türgenleşik bermegini öz içine alýar.

Owgan-hindi gepleşiklerinde ykdysady meseleleriň-de gozgalmagyna garaşylýar. Gowuşýan habarlarda Hindistanyň Owganystanyň
XS
SM
MD
LG