Sepleriň elýeterliligi

Mämedow: Rus pasportly türkmen resmileri köpdi


“Türkmenistanyň graždan demokratik bileleşiginiň” ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mämmedow

“Türkmenistanyň graždan demokratik bileleşiginiň” ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mämmedow

Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky goşa raýatlygyň problema öwrülmegine näme sebäp boldy?

Azatlyk Radiosy bu tema boýunça Ýewropada hereket edýän “Türkmenistanyň graždan demokratik bileleşiginiň” ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mämmedow bilen söhbetdeş boldy. Mämmedow 1995-1999-njy ýyllarda Orsýetiň Döwlet Dumasynda Watandaşlar geňeşiniň agzasy bolup, Krasnowodsk şäherinde Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen ylalaşyk esasynda jemgyýetçilik konsuly wezipesini ýerine ýetiripdi we goşa raýatlyk hem adamlaryň göçmegi bilen bagly meseleler boýunça iş alyp barypdy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda goşa raýatlygyň daşynda problemalaryň döremegine näme sebäp boldy diýip pikir edýärsiňiz?

Wýaçeslaw Mämmedow: Başda bu ylalaşygyň taryhyna göz aýlasak, dogry bolar. Bu dokument “Goşa raýatlyga degişli meseleleri kadalaşdyrmak boýunça ylalaşyk” diýlip, 1993-nji ýylda näme üçin baglaşyldy diýen sorag häzirki wagtda kop orta atylýar. Ýatlatsak, şol dokument kabul edilende, syýasy bir maksat göz öňünde tutulmandy.

Bu dokument Sowet Soýuzy dargansoň, özbaşdak döwletleriň raýatlaryna öwrülen türkmenistanlylaryň we orsýetlileriň öz ýaşaýan ýurdunyň raýatlygyny saklap galmak bilen bir wagtda beýleki ýurduňam raýaty bolmagyna mümkinçilik döretmegi göz öňünde tutupdy. Inkinjiden, bu ylalaşyk Orsýet Federasiýasy bilen Türkmenstanyň arasyndaky gatnaşyklary aýratyn bir ynamly derejä göteripdi.

Bu ylalaşyga laýyklykda, Türkmenisatanyň çak bilen 150 müň çemesi raýaty orsýet raýatlygyny aldy. Türkmenistanyň raýatlygyny alan orsýetlileriň sany barada takyk maglumat ýok, emma käbir çaklamalara görä, olaryň sany 5 bilen 20 müň adam aralygyndadyr diýlip çak edilýär. Olaryň esasy bölegi Stawropolda we Astrahanda ýaşaýan türkmenler bolmaly.

Şol bir wagtda-da bu ylalaşygyň möhüm bir tarapyna ünsi çekesim gelýär, ýagny ylalaşyk baglaşylan wagtynda onuň ýatyrylmagynyň mehanizmi takyk kesgitlenmändi.

Azatlyk Radiosy: Siz soňky ýylda dörän problemalary ylalaşygyň 2003-nji ýylda ýatyrylyşynyň aýratynlyklary bilen baglanyşdyrýarsyňyzmy?

Wýaçeslaw Mämmedow: Ylalaşygyň ýatyrylmagyna taraplaryň her biri özüçe düşündi. Orsýet tarapy goşa raýatlygyň mundan beýläk berilmejegi barada netije çykaran bolsa, Saparmyrat Nyýazow bu ylalaşygyň ýatyrylmagyndan öň berlen raýatlygyň hem ýatyrylýandygy barada netije çykardy. Ol türkmenistanlylardan iki aýyň dowamynda diňe bir ýurduň raýatlygyny saýlamagyny talap etdi. Orsýetiň Döwlet Dumasy bu ýagdaýa reaksiýa bildirip, prezidentleriň gol çeken ylalaşygyny tassyklamakdan asla ýüz öwürdi. Orsýet tarapy türkmen tarapyna ylalaşygyň yza tersin täsiriniň ýokdugyny ýatlatdy.

Azatlyk Radiosy: Wýaçeslaw, siz goşa raýatlyk barada ylalaşyk baglaşylan döwründe Türkmenbaşy, öňki Krasnowodsk şäherinde goşa raýatlyk bilen bagly iş alyp bardyňyz. Şol döwürde orsýet raýatlygyny alan türkmenistanlylaryň sany barada maglumat berseňiz?

Wýaçeslaw Mämmedow: 1995-1999-njy ýyllar aralygynda Türkmenbaşy şäheri boýunça aýdylanda, goşa raýatlyga eýe bolanlaryň 64%-i slawýanlardy, 24%-i türkmenerdi, galanlary milli azlyklaryň wekilleri, ýagny ýewreýler, tatarlar, ermenilerdi. Türkmenistanyň raýatlygyny saklap, orsýetiň hem raýaty bolan türkmenleriň arasynda häkimiýet başyndaky elitanyň wekilleri hem köpdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenleriň, aýratynam häkimiýet wekilleriniň orsýet raýatlygyny almagyna näme sebäp bolupdy?

Wýaçeslaw Mämmedow: Birinjiden, Orsýetiň raýatlygy olaryň çagalarynyň we maşgala agzalarynyňam orsýet raýaty bolmagyna mümkinçilik berýärdi. Häkimiýet başyndakylar çagalaryny öz ýurdunda okatman, daşary ýurtlara iberip, okatmaga çalyşýardylar.

Ikinjiden, ýurtda yzly-yzyna kadrlar çalşygy we arassalaýyşlar geçirlýärdi. Şeýle ýagdaýda goşa raýatlyk olara, zerur bolanda Türkmenistany terk edip, Orsýetde ornaşmaga mümkinçilik berýärdi. Häzirki wagtda Orsýetde ýaşaýan we wezipeli işde işleýän şeýle resmileriň sany az däl. Bu bolsa goşa raýatlyk ylalaşygynyň netijesidir.

Azatlyk Radiosy: Şu günki problemalara gaýdyp gelsek, siziň pikiriňizçe, goşa raýatlyga eýe bolan türkmenistanlylara näme üçin täze pasport berilmeýär, näme üçin olaryň orsýet raýatlygyndan ýüz öwürmegi talap edilýär?

Wýaçeslaw Mämmedow: Ilkinji nobatda orsýet pasportly adamlara edilýän hüjümleriň sebäplerine garamaly. Häzirki wagtda şeýle hüjümleriň ikinji tapgyry alnyp barylýar diýse bolar. Birinjisi, Nyýazow döwründe bolupdy. Meniň pikirimçe, serdarçylyk syýasaty başga pikirlilige çydamsyzlyk görkezýär.

Türkmenistanyň garaşsylygynyň 20 ýyllyk taryhyna garasak, şol döwrüň dowamynda intelligensiýanyň uly bölegi ýurtdan gysylyp çykaryldy. Jemgyýetiň oppozision pikirli gatlagy türmä basylyp, repressiýalara sezewar edildi. Şeýlelikde graždan jemgyýetçiligi ýok edildi.

Saparmyrat Nyýazow graždan jemgyýetçiligini ýigrenýärdi, indi graždan jemgyýetçiligi prezident G.Berdimuhamedowyň hem göwnünden turmaýana meňzeýär. Şonuň üçin men häzir iki pasportly adamlara edilýän basyşlara häkimiýetleriň jemgyýetde türkmen režimine garşy pikir edip biljek gatlagy ýok etmek synanyşygynyň bir bölegi hökmünde garaýaryn.
XS
SM
MD
LG