Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda welaýat resmisi heläk boldy


Duşenbe güni Owganystanyň Demirgazyk Baglan welaýatyndan janyndan geçen bir hüjümçiniň amala aşyran bomba partlamasy zerarly 15 adamyň heläk bolup 13 adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Bu wakada heläk bolanlaryň arasynda welaýat geňeşiniň başlygy Muhammet Resul Muhseni we onuň dört jan penasy hem bar.

Baglan welaýatynyň polisiýa resmileriniň maglumatlaryna laýyklykda bu waka welaýat geňeşiniň binasynyň öňünde bolup geçip ol geňeş başlygyna gönükdirilipdi.

Habar berilişine görä, hüjümçi bedenine baglanan bombany resminiň golaýyna gelende partladypdyr. Talyban topary bolup geçen wakany öz boýnuna aldy.
XS
SM
MD
LG