Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Partlamada 6 adam öldi


Owganystanyň günbataryndaky Herat welaýatynda köçe ýaka bomba partlamasynda polisiýanyň alty işgäri öldi. Bu barada ýerli resmiler habar berýär.

Sişenbe güni ýüze çykan bu partlamanyň netijesinde ulagyň içindäki ähli adam heläk boldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady. Emma şuňa meňzeş hüjümleri “Talyban” söweşijileriniň amala aşyrýandygy çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG