Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanda dört adam tussag edildi


Tbiliside geçen hepde gomoseksullary goldap geçirilmeli ýörişiň öňüni almaga dahylly bolmakda aýyplanyp, dört adam tussag edildi.

Gürjüstanyň Içeri işle ministrliginiň berýän maglumatyna görä, tussag edilenler huligançylykda we polisiýa boýun bolmazlykda aýyplanýarlar.

Geçen anna güni homofobiýa garşy Halkara güni mynasybetli geçirilmeli ýörişiň öňisyrasy, gomoseksuallara garşy çykýan müňlerçe adam aktiwistlere hüjüm edipdiler. Polisiýanyň işgärleri aktiwistlere sebitden gaçyp çykmaga hemaýat bermeli bolupdy. Wakada azyndan 17 adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Geçirilmeli ýörişden bir gün öň, Gürjüstanyň prawoslaw kilisesiniň başlygy patriarh Ilýa II resmilere ýüzlenip, ýörişi gadagan etmäge çagyrypdy. Ol munuň gürji däplerini “äsgermezlik” boljakdygyny belledi.
XS
SM
MD
LG