Sepleriň elýeterliligi

Inguşystanda iki söweşiji öldürildi


Demirgazyk Kawkazyň Inguşystan respubliksynda söweşijidigi öýdülýän iki adam öldürildi.

Derňew komitetiniň berýän maglumatyna görä, gürrüňi gidýän iki adam sişenbe güni Nazran şäherinde geçirilen ýörite operasiýanyň dowamynda öldürilipdir. Operasiýada howpsuzlyk güýçleriniň hiç bir wekiline şikes ýetmedi.

Öldürilenler 32 ýaşly Jamaleýl Mutaliýew we 27 ýaşly Alihan Ozdoýew diýlip tanadyldy.

Derňew komitetiniň metbugat wekiliniň sözlerine laýyklykda, öldürilenleriň biri sebitde amala aşyrylan ençeme terroristiki hüjümlere gatnaşypdyr.

Demirgazyk Kawkaz sebitinde, ýagny Çeçenistanda, Dagystanda, Inguşystanda we Kabardino-Balkariýada yslamçy söweşijileridigi öýdülýän toparlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklarda her ýyl onlarça adam ölýär we ýaralanýar.
XS
SM
MD
LG