Sepleriň elýeterliligi

Guatemala: Monttuň hökümi ýatyryldy


Guatemalanyň Ýokary sudy ozalky diktator Efrain Rios Montta garşy çykarylan gennosid baradaky hökümi ýatyryp, täze sud diňlenşigini belledi.

Rios Montt 10-njy maýda günäli tapylyp, 80 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Emma ýurduň Konstitusiýa sudy, käbir şikaýatlara salgylanyp, bu iş boýunça 19-njy aprele çenli geçirilen ähli diňlenşikleri ýatyrdy.

Täze sud diňlenşiginiň haçan başlajakdygy barada anyk maglumat ýok.

86 ýaşly Montt Guatemalada 1960-1996-njy ýyllar aralygynda bolan graždan urşy döwri ýerli adamlaryň gyrylmagyna ilteşikli bolmakda aýyplanýar.

Rios Montt häkimiýet başynda 1982-1983-nji ýyllar aralygynda boldy. Onuň ýolbaşçylyk eden ýyllary harbylar bilen çepçi gozgalaňçylaryň arasyndaky çaknyşygyň “iň ganly” döwri hökmünde häsiýetlendirilýär.
XS
SM
MD
LG