Sepleriň elýeterliligi

“Ýewrowideniýäniň” netijeleri derňeler


Moskwa bilen Baku “Ýewrowideniýe” festiwalynda russiýaly aýdymçy Dina Garipowa Azerbaýjan tarapyndan “nol balyň” berilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň derňeljekdigini mälim etdiler.

Sişenbe güni Moskwada Azerbaýjanyň daşary işler ministri Elmar Mammadýarowyň özüniň russiýaly kärdeşi Sergeý Lawrow bilen geçiren metbugat ýygnagynda beren maglumatyna görä, azerbaýjanlylaryň beren sesleri boýunça Garipowa ikinji orny eýeläpdir. Munuň netijesinde, Şwesiýanyň Malmo şäherinde geçirilen festiwalda 5-nji orny alan Garipowa goşmaça 10 baly alardy.

Sergeý Lawrow bu ýagdaýy “gabahat” diýip atlandyryp, munuň “jogapsyz goýulmajakdygyny” hem sözüniň üstüne goşdy.

Duşenbe güni Azerbaýjanyň Russiýadaky ilçisi prezident Ylham Alyýewiň bu iş boýunça derňewiň başladylmagy we sesleriň gaýtadan sanalmagy barada görkezmeleri berendigini aýtdy.

Ýekşenbe güni tamamlanan aýdym aýtmak boýunça geçirilen halkara “Ýewrowideniýe” festiwalynyň final tapgyrynda daniýaly Emmelie de Forest ýeňiji boldy.
XS
SM
MD
LG