Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Politkowskaýanyň işi suda geçirildi


Russiýada derňewçi žurnalist Anna Politkowskaýanyň 2006-njy ýylda öldürilmegi bilen bagly işe sudda serediler.

Russiýanyň Derňew komitetiniň metbugat wekili Wladimir Markiniň sişenbe güni beren maglumatyna görä, bu iş boýunça Çeçenistandan dört adama we ozalky polisiýa işgärine aýyplama bildirilipdir.

Anna Politkowskaýa, esasan, Russiýadaky korrupsiýa, Çeçen urşy we Putiniň awtoritar dolandyryşy bilen baglanyşykly ýiti tankydy materiallary bilen tanalýardy. Ol 2006-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda öz öýüniň basgançak meýdançasynda atylyp öldürildi.
XS
SM
MD
LG