Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fomin: Nyýazow rus pasportyny tabşyrmandy


“Türkmenistanyň rus jemgyýetiniň” öňki başlygy Anatoliý Fomin, 21-nji maý, 2013.
“Türkmenistanyň rus jemgyýetiniň” öňki başlygy Anatoliý Fomin, 21-nji maý, 2013.
21-nji maýda Orsýetiň Federasiýa geňeşinde Orsýet bilen Türkmenistanyň arasynda goşa raýatlyk meselesi boýunça diňlenişik geçirilýär. Orsýet parlamentiniň Ýokarky öýünde geçirilýän diňlenişikde ýurtlaryň arasynda 1993-nji ýylda baglaşylan ylalaşygyň 2003-nji ýylda togtadylmagy bilen bagly meselä, ýurtlaryň şondan soňky hereketlerine we raýatlaryň şu günki ýagdaýyna degişli meselelere garalmagyna garaşylýar.

Federasiýa geňeşiniň 21-nji maýda geçirilýän maslahatyna gatnaşýanlaryň biri Anatoliý Fomin 1990-njy ýyllarda Türkmenistanda goşa raýatlyk ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşypdy.

Azatlyk Radiosynyň “Türkmenistanyň rus jemgyýetiniň” öňki başlygy Anatoliý Fomin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: “Goşa raýatlyk” barada ylalaşygy baglaşmak ideýasy nädip döräpdi?

Anatoliý Fomin: Bu meseläni kimiň birinji bolup gozgandygyny men bilemok. Men öz tarapymdan, Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasyna baranymda, Türkmenistanda ýaşaýan ors milletli adamlar näme etmeli diýen sowaly her sapar orta atýardym we orslaryň orsýet pasportyna eýe bolmalydygyny aýdýardym. Bu 1993-nji ýylyň gürrüňi. Soň goşa raýatlyk boýunça dokumentiň üstünde iş alnyp barlananda, bu işe meni-de çekipdiler. Bu iş 1995-nji ýyla çenli dowam etdirilip, 1995-nji ýylda durmuşa geçirildi.

Azatlyk Radiosy: Onda, 1993-nji ýylda goşa raýatlyk boýunça ylalaşyk baglaşylanda, onuň durmuşa geçirilmeginiň mehanizmleri entek ýokmudy?

Anatoliý Fomin: Ýokdy. Dokument ondan soň işlenip düzüldi. 1993-nji ýylda ýürtlar diňe özara ylalaşypdy, ylalaşyk bolsa 1995-nji ýylda güýje girdi. Şonda türkmen pasporty ilkinji nobatda Orsýetiň prezidenti Boris Ýeltsine berlipdi. Türkmenistan tarapyndan bolsa, orsýet pasportyny birinji bolup Saparmyrat Nyýazow aldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan 2003-nji ýylda goşa raýatlyk ylalaşygyndan çykansoň, Saparmyrat Nyýazow orsýet pasportyny tabşyrmadymy?

Anatoliý Fomin: Ýok, onuň birinji nomerli pasporty bardy. Ol pasportyny özünde saklap galan bolmaly. Ylalaşygy ýatyrmak barada şertnama baglaşylan hem bolsa, Nyýazow pasportyny tabşyrmandy.

Azatlyk Radiosy: Goşa raýatlyk ylalaşygyny ýatyrmak barada şertnama baglaşan Türkmenistan bu şertnamany derhal Mejlisde tassyklap, ony güýje girizipdi. Emma, Putiniň ylalaşyga gol çekmegine garamazdan, Orsýet ony durmuşa geçirmekden boýun gaçyrdy. Siziň pikiriňizçe, näme üçin?

Anatoliý Fomin: Men Putin ýalňyşdy diýip pikir edýärin. Sebäbi ol munuň yz ýanynda watandaşlaryň kongresinde eden çykyşynda “biz howlukmaçlyk” etdik diýip aýdypdy. Meniň pikirimçe, Putin aldanan bolmaly. Orsýetiň gaz pudagynyň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen gaz söwdasy ugrunda uzak möhletleýin ylalaşyk baglaşmak maksatdyna ýetmek üçin goşa raýatlyk meselesiniň ähmiýetini pese gaçyryp, ýagdaý kadaly, islän adam Orsýete eýýäm göçdi diýen pikiri öňe süren bolmaklary mümkin. Putiniň özi-de ylalaşyk baglaşanda “islänler gaýtdy” diýipdi.

Azatlyk Radiosy: Bu beýle dälmidi?

Anatoliý Fomin: Gaýtmak beýle bir aňsat iş däldi. Meselem, Türkmenistanda jaýy 10 müň dollardan gymmat satyp bolmaýardy. Orsýetde bolsa bar zat onlarça esse gymmatdy. Men şonda Türkmenistanda gowy jaýyň puluna Orsýetde jaýyň diňe binýadyny satyn alyp bolýar diýip aýdýardym.

Azatlyk Radiosy: Goşa raýatlyk ylalaşygynyň durmuşa geçirilmeginde jemgyýetçilik guramalarynyň hem rol oýnandygy barada maglumat bar. “Türkmenistanyň rus jemgyýeti” bu prosesde nähili rol oýnady?

Anatoliý Fomin: Men bu ýerde Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň başda ýönekeý raýatlara orsýet pasportyny bermäge howplukmandygyny aýratyn belläsim gelýär. Orsýet tarapy Nyýazowa orsýet pasportyny berensoň, onuň ýakyn töweregindäki käbir ýokary wezipeli adamlara-da pasport berip başlapdy. Nyýazowdan soň türkmen hökümetiniň agzalary orsýet pasportly boldular. Wezipeli adamlaryň hemmesi orsýet pasportyny aldy diýsek-de ýalňyşmarys. Olaryň köpüsi pasport alanyny köpçülikden gizledi.

Azatlyk Radiosy: Orsýet pasporty ýönekeý türkmenistanlylara berilmeýärmidi?

Anatoliý Fomin: Bu gaty uly problemady. Başda adamlar Orsýetiň ilçihanasyna ýüz tutanda olara “ýok, entek bermeýäris” diýip jogap berilýärdi. Şol bir wagtda-da meniň özüme orsýet pasportyny derrew berdiler. Şonda men Moskwa baryp, Orsýetiň Daşary işler ministrligine ýüz tutdum we ilçihananyň pasport bermek işinde bökdençlikleriň bardygyny aýtdym. Şonda biziň Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen ylalaşygymyz esasynda “Rus jemgyýetiniň” wekilleri Türkmenistanyň dürli böleklerinde raýatlaryň orsýet pasportyny almagyna ýardam bermek boýunça iş alyp barypdy. Regionlarda uly nobatlar emele gelýärdi.

Azatlyk Radiosy: Guramaňyzyň wekilleri nähili kömek berýärdi?

Anatoliý Fomin: Ilçihana diňe Aşgabatda bolansoň, adamlar üçin paýtagta gelmek gaty kyndy, çykdajylar hem uludy. Şonda “Türkmenistanyň rus jemgyýetiniň” wekilleri ilçihana tarapyndan berlen rugsat hatlary esasynda regionlarda orsýet pasportyny almak isleýän adamlara dokumentleri taýýarlamak boýunça konsultasiýa berýärdi. Olar soň bu dokumentleri toplap, meselem 50 adamyň dokumentlerini toplap, Aşgabada getirip, ilçihana tabşyrýardy. Soň taýýar pasportlary eltip, paýlap berýärdi. Bu kanuny hereket [şol döwürde] netijeli işleýärdi.
XS
SM
MD
LG