Sepleriň elýeterliligi

Mejit Teke: "Magtymguly ruhy baýdagymyz bolsun!"


Magtymguly Pyragynyň Türkmensähradaky gubury. Eýran.

Magtymguly Pyragynyň Türkmensähradaky gubury. Eýran.

Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soňra beýik akyldar hem şahyr Magtymguly-Pyragynyň gubury tapylyp, abadanlaşdyrylyp, her ýyl onuň başynda dünýä türkmenleri duşuşyp, ýatlama dabaralary geçirip başladylar.

Magtymgulynyň guburynyň ýerleşýän Türkmensähra ülkesinde maý aýynyň ortasyndan başlap türkmenler oba-oba bolup ýatlama dabaralary geçirýärler. Türkmensährada Magtymguly günleri iň soňunda 18-nji maýda Aktokaýda gubur ýadygärligiň başynda geçirilýän halkara dabara bilen jemlenýär.

Azatlyk Radiosy, Döwletmämmet Azady adyndaky sungat toparynyň ýolbaşçysy Mejit Teke bilen Türkmensährada Magtymguly günlerine gatnaşyp ýören ýerlerinden habar almak maksady bilen söhbetdeşlikler geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Mejit Teke, Magtymguly günleri Türkmensährada nähili geçirilip dur, şondan dünýä türkmenlerine habar berseňiz?

Mejit Teke: Söze başlamankam dünýäniň niresinde bolsa-da hemme türkmen doganlarymyza Magtymgulyň ýurdundan mähirli salam bilen başlaýaryn.

Mejit Teke

Mejit Teke

Bilnişi ýaly, her ýyl dünýäniň dürli ýerinde bolşy ýaly biziň Türkmensähramyzda hem beýik şahyr hem akyldar Magtymgulynyň ýatlama dabaralary uly toýlar bilen bellenip dur.

Türkmensährada her şäher we her oba Magtymguly toýlaryny has giň gerimli tutmaklyk üçin biri-biri bilen ýaryşýarlar. Öňki anna güninden bäri Türkmensährada Magtymguly toýlary geçirilip gelinýär. Meselem, Kelalanyň Magtymguly ojagy jemgyýeti uly dabara geçirdi. Öňki anna güni şoňa gatnaşmaklyk bize hem miýesser boldy we şoňa gatnaşdyk.

Azatlyk Radiosy: Mejit Teke, şol Kelaladaky Magtymguly ojagy jemgyýetiniň çäresinde nämeler boldy?

Mejit Teke: Türkmensährada Kelalanyň 15 kilometr günbatarynda Gerkez diýen oba bar. Magtymguly toýy şol ýerde tutuldy. Ol dabara Türkmensähranyň hemme ýerinden ussat şahyrlarymyz gatnaşdy. Olar gowydan-gowy goşgulary bilen toýy bezediler. Dürli-dürli aýdym-saz toparlary hem çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Aşyrgeldi halypa ýaly halypalarymyz hem dabara gatnaşyp, aýdym-sazlary bilen toýy bezediler. Günortandan soň sagat üç töwereginde başlan Magtymguly toýy garaňky düşüp gidýänçä uzap gitdi. Dabaranyň ahyrynda nobat biziň Döwletmämmet Azady adyndaky sungat toparymyza geldi we biz hem çykyşymyzy oglan-gyzly küşt depdi bilen tamamlap, şol Magtymguly toýuny sowduk.

Azatlyk Radiosy: Mejit Teke, Gerkez obasynda geçirilen Magtymguly çäresinde diňe Türkmensähra türkmenlerimi ýa başga ýerlerden gelen türkmenlerem bardymy?

Mejit Teke: Ýok, ol dabara diňe Türkmensähranyň şahyrlary hem aýdym-saz toparlary gatnaşdy.

Azatlyk Radiosy: Şu wagt ynha siz Magtymgulynyň mazaryndaky dabarany sowup durşuňyz. Magtymgulynyň hem atasy Döwletmämmet Azadynyň mazarlarynyň başyndaky ýatlama dabarasy nähili geçdi, şondan dünýä türkmenlerine habar berseňiz?

Mejit Teke: Dabara gidip durka habar berer ýaly bir adamyň hem telefony işlemedi şol ýerde. Signal kesýän goýupdyrlarmy nämemi hiç hili aragatnaşyk bolmady. Döwletmämmet Azady sungat toparyna Eýran döwleti tarapyndan ýörite gatnaşyň diýen çakylyk geldi. Bizden başga toparlar-a ol ýere gatnaşmaga çagyrylmaýar. Sebäbi, Magtymgulynyň mazarynyň başynda halkara derejede dabara geçirilensoň wagt çäkli bolýar.

Bu gezek hem gaty uly dabara bolup geçdi. Daşary ýurt ilçihanalary gatnaşdy. Ynha mysal üçin: Türkmenistanyň, Owganystanyň we Gazagystanyň Eýrandaky ilçileri gatnaşdylar. Ylaýta-da Türkmenistandan segsen adamlyk medeniýet we sungat topary geldi. Bärden Türkmensähradan hem ýerli ilat ýerden ýörän hemme kişi dabara baryp, Magtymgulynyň mazarynyň başynda toý toýlap gaýtdylar.

Mejit Teke (sagda) we maşgalasy

Mejit Teke (sagda) we maşgalasy


Azatlyk Radiosy: Mejit Teke, Magtymgulynyň mazarynyň başyndaky halkara dabarada siz şu wagt nähili çykyş etdiňiz?

Mejit Teke: Wagt çäkli bolansoň biziň Döwletmämmet Azady sungat toparymyza çykyş etmäge on bäş minut wagt berildi. Bizem topar bolup üç aýdym aýdyp, bir saz çalyp gaýtdyk.

Azatlyk Radiosy: Türkmenler Magtymguly bilen kakasy Döwletmämmet Azadynyň mazarynyň başynda ýatlama dabarasy geçirip, toý tutup durka şol ýeriň atmosferasy, duýgy täsiri nähilidi? Şonam dünýä türkmenleri bilen paýlaşsaňyz.

Mejit Teke: Tükmensähranyň ilaty bir gün owaldan şol ýere jemlenip, ýatman daň atýança ýatlama çärelerini geçirýärler. Şeýdip giňden özara toý tutup başlaýarlar.

Mazaryň başyndaky ýatlama dabarasy şol güniň ertiri gönortana çenli dowam edip gidýär. Magtymguly bilen kakasy Döwletmämmet Azadynyň mazarlarynyň başyndaky ýatlama dabarasy halkda uly joşgy we buýsanç döredýär.

Magtymguly bilen kakasynyň mazarlarynyň bir ýerde boluşy hem türkmenlere aýratyn bir jebislik getirýär. Men munyň türkmeni hasam jebisleşdirýändigini pikir edýärin. Bärden uzakdan entäk dabara ýerine mazarlaryň ýanyna sowulmankaň ullakan märekäniň deňiz ýaly aýratyn bir joşgy bilen çaýkanyp durandygyna gözüň düşýär. Şol ýeriň şeýle ruhy atmosferasy bolmasa şonça adam üýşmejek ýaly bolup dur.

Azatlyk Radiosy: Ynha, şu wagt Magtymgulynyň mazarynyň başynda ýatlama dabarasy geçirildi. Türkmensährada indi şunuň bilen Magtymguly günleri tamam bolýarmy ýa başga ýerlerde dowam edýärmi?

Mejit Teke: Türkmensähradaky Magtymguly günleriniň iň soňkysy Pyragynyň mazarynyň başynda jemleýji dabara-toý hökmünde geçirilýär. Magtymguly günleri Türkmensährada 18-nji maýdan bir hepde owal başlanýar. Şäherme-şäher, obamy-oba gezekleşip ýatlanyp-gutlanyp ynha iň soňunda hem Magtymguly bilen kakasy Döwletmämmet Azadynyň mazarynyň başynda ahyrky jemleýji toý bilen doly gutarýar.

Kä ýerlerde bir güniň dowamynda birnäçe obadyr-şäheriň Magtymguly dabaralarynyň bir güniň dowamynda dagy geçirilýän wagty bolýar. Şäher bilen bir obanyňky, günortan bir şäheriňki, ikindi ýene bir obanyňky, agşam bolsa başga bir şäheriň Magtymguly ýatlama çäresi diýen ýaly... Magtumguly dabaralarynyň iň soňkusy ynha häzir şu ýerde mazarynyň başynda Aktokaý obasynda bellenip gutarýar.

Azatlyk Radiosy: Mejit Teke, Magtymgulynyň mazary Türkmensährada anykrak aýdylanda nirede ýerleşýär?

Mejit Teke: Hemmämiz karta boýunça Hazar deňizini bilýäris. Ynha, Hazar deňiziniň aşagynda edil gündogar gyrasynda Türkmensähramyz başlaýar. Gümmet-Kowus şäherinden göni gaýralygyna Türkmenistan serhedine çenli 75-80 kilometr uzaklyk bolýar.

Eýranyň Türkmensähra sebitinden belli türkmen sazandasy Mejit Teke.

Eýranyň Türkmensähra sebitinden belli türkmen sazandasy Mejit Teke.

Magtymgulynyň mazarynyň ýerleşýän ýeri bolan Aktokaý bolsa, Türkmensähra sebitinde demirgazyk-gündogar tarapa gyýylyp gidilýän ýerde. Magtymguly bilen kakasy Döwletmämmet Azadynyň Aktokaý obasynda ýatan mazarlary Gümmet-Kowus şäherinden takmynan 160 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Azatlyk Radiosy: Karta seredilende onda Magtymgulynyň mazary Türkmensährada Gümmet-Kowus şäheri bilen Türkmenistanyň arasynda bolýar şeýlemi?

Mejit Teke: Hawa, şol Türkmensähranyň Türkmenistan tarapa süsňäp girýän yerinde, Türkmenistan serhedine gaty ýakyn bolýar.

Azatlyk Radiosy: Mejit Teke, Türkmensährada ilkinji bolup Magtymgulynyň kitabyny çykaran Hajy Gazy atly bir ýaşuly bar. Häzir şol Hajy Gazy ýaşulynyň keselläp agyr ýagdaýda ýatandygyny, onuň ogly Perhatdan eşitdik. Şol Hajy Gazy ýaşuly Türkmensährada Magtymgulynyň mazaryny we neberelerini ilkinji bolup tapan adam diýip tanalýar. Şol Hajy Gazy ýaşuly barada hem dünýä türkmenlerine maglumat berseňiz?

Mejit Teke: Hajy Gazy atly ýaşulymyz ilkinji bolup Magtymguly jemgyýetini gurdy. Magtymgulynyň mazaryna seredilmegi üçin bir topar döreden. Hajy Gazynyň ýanynda şeýle tagallalara goşulan başga sakaldaşlary we işdeşleri hem bar. Şeýdip, uly işiň başyny başlatdylar. Soň bolsa iki döwlet Türkmenistan we Eýranyň gatnaşmagy bilen Magtymguly bilen kakasy Döwletmämmet Azadynyň mazarlarynyň başynda ýadygärlik binasyny gurdylar. O taýlaryny arassalap, abadanlaşdyryp, oturyp-turmaga elberişli ýagdaýa getirdiler. Ýöne ýene-de häzirem o taýda edilmeli işler köp.

Hajy Gazy ýaşulymyz hem şeýle tagallalara öňbaşçylyk edip, Magtymgulynyň Türkmenistanda ilkinji şygyr diwanynyň pars elipbiýinde çap edilmegini ýola goýdy. Aramyzdan aýrylan Annadurdy Tekeli atly ýaşulymyz şol ilkinji Magtymguly diwanyny ýazyp berdi. Şeýlelik-de, Hajy Gazy ýaşulymyz şol Magtymguly diwanyny ilkinji çap edenleriň biri boldy.

Azatlyk Radiosy: Pars hatynda diýdiňiz. Şol Magtymgulynyň ilkinji şygyrlar diwany pars elipbiýinde pars dilindemi ýa pars hatynda ýöne türkmen dilinde çap edildimi?

Mejit Teke: Magtymgulynyň şol birinji kitaby Türkmensährada pars elipbiýinde ýöne türkmen dilinde ýazyldy.

Mejit Teke

Mejit Teke


Azatlyk Radiosy: Şol kitapda Magtymgulynyň hemme şygyrlary bardymy?

Mejit Teke: Hemme şygyrlary diýen ýaly girizildi. Elbetde kitap owal çap edileni üçin onda, soň tapylan şygyrlar ýok.

Azatlyk Radiosy: Mejit Teke siz bir sungat işgäri hökmünde, Türkmensähranyň dürli obadyr-şäherlerinde bellenip, geçirilip duran Magtymguly çäreleriniň türkmenlere nähili täsirleri bardyr öýdýärsiňiz?

Mejit Teke: Ilki bada iliň-halkyň işden-ýaşaýyşdan ýadawlygyny kellesinden çykaryp-aýryp, bir ruhy täzelik berýär. Mundan daşarynam halk şol dabaralarda bir ýere jemlenen mahaly jebisligi berkeýän ýaly, hemmesi bir perdeden gopup başlaýar. Ynha, ilki bada berýän täsirleri şeýle bolýar. Şeýle-de, türkmenligine guwanýan hem buýsandyrýan duýgylar berýär.

Azatlyk Radiosy: Bir sungat işgäri hökmünde Magtymgulynyň guburynyň başyndaky dabaranyň we eden çykyşyňyzyň gyzgyn täsiri, lezzeti hem ylhamy bilen dünýä türkmenlerine ýetirmek isleýän arzuwlaryňyz we duýgylaryňyz barmy?

Mejit Teke: Magtymgulynyň türkmene umumy berýän sargydy, hemme türkmeniň agzybirlikde we hoşlukda ýaşamagy bolup durýar. Magtymgulynyň hut özi hem ynha şuny arzuwlapdyr. Men hem öz hatarymda Magtymgulynyň şol arzuwynyň hem sargydynyň hasyl bolmagyny dileg edýärin.

Bütin dünýä türkmenleriniň her gününiň şeýle toý-dabara, şatlyk-şagalaň bilen geçip durmagyny arzuw edýärin. Dünýä uruş-peläket getirýän zatlar bolmasyn. Hemme adamzat parahatçylykda we agzybirlikde ýaşasyn diýip umyt edýärin. Magtymguly-Dünýä türkmenleriniň ruhy baýdagy bolsun!
XS
SM
MD
LG