Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stalin döwrüne "gijeki syýahat"


Dolinkadaky muzeý
Dolinkadaky muzeý
Gazagystanyň Stalin döwründäki syýasy zulumyň pidalaryna bagyşlanan muzeý “gijeki syýahat” atly ekskursiýasyny geçirdi.

Maý aýynyň 18-den 19-na geçilýän gijede Dolinkada syýasy zulumyň muzeýi syýahatçylara öz gapysyny açdy.

Dolinka 1930-njy ýyllarda Stalin döwrüniň Karagandadaky düzediş-zähmet lageriniň merkezi (KarLAG) bolupdy.

“Karlagdaky gije” ady bilen geçirilen bu syýahata müňe golaý adam gatnaşdy.

Ekskursiýany alyp baryjy muzeýe gelenlere lageriň keselhanasyny, tussaghanalary, gynalynýan otaglary hem-de Karlagyň müdiriniň otagyny görkezdi.

Ekskursiýany geçirýän şeýle gürrüň berdi: “Bu Karlagyň müdiriniň otagy. Ol hut şu şertlerde işleýärdi. Karlagyň 11 sany müdiri bolupdyr. Ilkinji müdir Otto Bin bolup, onuň ýolbaşçylyk eden döwründe Karlagdaky tussaglara maşgalalary bilen bile bolmaga rugsat edilipdi. Bu Karlagyň taryhynda zenanlaryň we erkekleriň bile ýaşap hem-de bile işlemäge rugsat berilen ýeketäk döwri bolup galdy.”

Lagerdäki durmuş

Şol otagda syýahatçylar aktýorlar tarapyndan oýnalan tussagy sorag etme sahnasyna syn etdiler. Sahnada ýaşajyk gyz öz kakasy barada ýalňyş maglumat bermäge mejbur edilýär.

Syýahatçylar topary şeýle hem ellerinden asylan tussaglaryň çekist tarapyndan sorag edilip gynalýan sahnasyna tomaşa etdiler.

Şeýle hem syýahatçylara lagerde bolan durmuşy has gowrak duýmaklary üçin "Kulak nahary" hödürlendi.

Başky meýilnama boýunça syýahatçylara bir gije “Stalinyň tussagy” bolup görmeklik hödürlenmelidi. Emma muzeýiň müdiri Swetlana Bainowanyň aýtmagyna görä, meýilnama ýerli resmileriň görkezmesi bilen goýbolsun edildi.

Swetlananyň bellemegine görä, bular ýaly tejribe syýahatçylara içgin täsir edip, has beteri hem olaryň psihikasyna zeper ýetirmek ähtimallygy bar.

Syýasy zulum görenleriň hatyrasyna açylan muzeýiň jaýy öz wagtynda Karlagyň esasy binasy bolupdy. Muzeý 2011-nji ýylyň maý aýynda resmi taýdan öz işine başlady.

Sowet lideri Iosif Staliniň görkezmesi bilen acylan Karlag lagerler toplumynda 1930-njy ýyllarda bolup geçen “repressiýa” döwründe “işler” alnyp barylypdy.

1950-nji ýyllarda bu ýere tutuş Sowet Soýuzyndan müňlerçe adam sürgün edilipdi.
XS
SM
MD
LG