Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa owgan dilmaçlaryny kabul etmekçi


Çarşenbe güni Britaniýanyň hökümet resmileri Owganystanda daşary ýurt güýçleri üçin dilmaç bolup işlän ýerli terjimeçilere Britaniýada ýaşamaga rugsat beriljekdigini mälim etdiler.

Öz atlarynyň tutulmagyny islemedik bu britan resmileriniň maglumatyna görä, Owganystanyň gyzgyn nokatlarynda azyndan bir ýyl dilmaç bolup işlän terjimeçilere Britaniýada azyndan bäş ýyl ýaşamak üçin ýörite wiza berler.

Britaniýada şeýle uzak möhletleýin ýaşamaga hukukly dilmaçlaryň häzirki wagt 600-a golaýynyň bardygy aýdylýar.

Britaniýa baran bu dilmaçlardan käbirleri Owganystana dolanyp baran halatlarynda, özlerine talybanlar tarapyndan jeza berilmek howpunyň bardygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG