Sepleriň elýeterliligi

Eýranda dalaşgärlige 8 adam saýlandy


Sişenbe güni Eýranyň Baş Kanunyna gözegçilik ediji ruhanylar geňeşi prezidentlige dalaşgärleriň sanawyndan köpsanly resmiler bilen bir hatarda ýurduň ozalky prezidenti Haşemi Rafsanjanini we prezidentiň kömekçisi Esfandiar Rahim Maşaýeni hem aýyrmak barada karar çykardy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet Departamenti eýranly reforma tarapdar köp şahsyýetleriň, şol sanda Haşemi Rafsanjaniniň hem kandidaturasynyň sanawdan aýrylmagyny tankytlap çykyş etdi.

Çarşenbe güni Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat öz kömekçisi Esfandiar Rahim Maşaýeniň kandidaturasynyň sanawdan çykarylmagy baradaky karara garşy kanuny esasda göreşjekdigini aýtdy.

Bu wakalaryň fonunda Eýran Yslam Respublikasynyň düýbüni tutujy Aýatolla Ruhollah Homeýniniň gyzy-da Haşemi Rafsanjaniniň prezidentlige dalaşgärleriň sanawyna goşulmagyna çagyryş edip, Eýranyň ruhany lideri Hameneýiniň adyna ýörite hat ýazypdyr.

Eýranyň ruhanylar geňeşi mundan ozal dalaşgär hökmünde hasaba alnan 700 töweregi adamdan diňe 8 adama prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmaga resmi rugsat berdi. Saýlawlar 14-nji iýunda geçiriler.
XS
SM
MD
LG