Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda gaz Kongresi açyldy


Çarşenbe güni Aşgabatda gaz meselesine bagyşlanan Halkara kongresi we muňa degişli ýörite sergi açyldy. Bu halkara Kongresine gatnaşmak üçin Aşgabada dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 500 töweregi delegatyň barandygy habar berilýär.

Maglumata görä, bu delegatlaryň hatarynda iri hökümet we hususy nebit-gaz kompaniýalarynyň wekilleri we habar serişdeleriniň işgärleri-de bar.

Türkmenistanyň resmi mediasynyň maglumatynda Kongresiň çäklerinde Aşgbatda gurnalan sergide daşary ýurt kompaniýalaryndan 45-siniň dürli pawilionlarda öz önümlerini we hyzmatlaryny görkezýän maglumatlarydyr enjamlaryny ýerleşdirendikleri aýdylýar. Aşgabatda gurnalan bu çäre üç gün dowam eder.
XS
SM
MD
LG