Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk Radiosynyň habarçysy R.Ýazmuhammedow azat edildi


Röwşen Ýazmuhammedow

Röwşen Ýazmuhammedow

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Röwşen Ýazmuhammedow 15 gün tussaglykdan soňra azat edildi.

Röwşen Çaryýew ady bilen efirde çykyş edýän Ýazuhammedow 6-njy maýda Türkmenabat şäheriniň içeri işler bölümi tarapyndan tussag astyna alnypdy.

Ýazmuhammedowyň näme sebäpli tussag edilendigi barada, häzirlikçe, doly we takyk maglumaty almak başartmady.

Deslapky maglumata görä, tussaglykdan soňra Ýazmuhammedowyň saglyk ýagdaýy kadaly.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Röwşen Ýazmuhammedowyň tussag edilmegi bilen bagly, adam hukuklaryna gözegçilik edýän ençeme halkara guramalary, şol sanda “Serhetsiz reportýorlar”, “Amnesty International”, “Human Rights Watch”, şeýle-de Ýewropa Bileleşigi alada bildiripdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG