Sepleriň elýeterliligi

Belyh Nawalna ýüklenilýän aýyplamalara şübhe bildirdi


Orsýetiň Kirow regionynyň gubernatory Nikita Belyh, Kirow, 22-nji maý, 2013.

Orsýetiň Kirow regionynyň gubernatory Nikita Belyh, Kirow, 22-nji maý, 2013.

Orsýetiň Kirow regionynyň gubernatory korrupsiýa garşy çykyş edýän blogger we oppozisiýanyň liderleriniň biri Alekseý Nawalna ýüklenilýän aýyplamalara şübhe bildirdi.

Nawalnyý agajy gaýtadan işleýji “Kirowles” kompaniýasyndan 510 müň amerikan dollaryna barabar puly almakda aýyplanýar. Bu aýyplamalar onuň 2009-njy ýylda Kirow oblastynyň gubernatorynyň geňeşçisi wezipesinde işlän döwrüne degişli.

Hepdäniň çarşenbe güni Kirowda Nawalnynyň işi boýunça geçirilen sud diňlenşiginde çykyş eden gubernator Nikita Belyh aktiwistiň gubernatoryň adyndan hereket etmäge we ýerli şirketleriň işine goşulyşmaga ygtyýarlygynyň bolmandygyny aýtdy.

Şaýatlaryň çykyşlary

Nikita Belyh özünde bar bolan maglumatlara salgylanyp, Alekseý Nawalnynyň hyýanatçylykly işe baş goşandygy barada netije çykarmaga esasyň ýokdugyny belledi.

Nawalnynyň işi boýunça esasy şaýat hökmünde çykyş edýän Belyh “Kirowles” kompaniýasynyň hakynyň iýilendigi barada ýa-da bu şirketiň öz müşderileri bilen özüne bähbitsiz ylalaşyk baglaşandygy barada hiç wagtda hiç zat eşitmändigini aýtdy.

Nikita Belyhyň çarşenbe güni beren görkezmeleri Alekseý Nawalnynyň göwnünden turana meňzeýär.

Nawalnyý Nikita Belyhyň beren görkezmeleriniň şeýle boljagyna garaşandygyny aýtdy.

Akekseý Nawalnynyň sözlerine görä, öz işi boýunça çykyş eden 35 sany şaýadyň ählisiniň hakykaty aýdyp, aýyplaýjylaryň maglumatlaryny ret etmeklerine garamazdan, sud işi henizem dowam etdirilýär.

Alekseý Nawalnyý we onuň aklawçylary aýyplamalaryň syýasy häsiýete eýedigini aýdýarlar.

Nawalnyý Orsýetiň prezidenti Waladimir Putine garşy açyk çykyş edýär. Şeýle-de ol prezident bolmaga isleg bildiren syýasy aktiwistdir.
XS
SM
MD
LG