Sepleriň elýeterliligi

Orsýet netijelerden "nägile"


Dina Garipowa

Dina Garipowa

Häzirki günlerde Orsýet üçin Birleşen Ştatlaryň howa hüjüminden goranyş meselesi ýa-da Siriýa meselesi öz ähmiýetini ýitirdi diýen ýaly. Orsýetiň daşary işler ministrini Ýewrowideniýe aýdym ýaryşynda görnetin edilen ses berişlik dawasy has ynjalyksyzlandyrýar.

Ýagdaýy Orseýtiň daşary işler ministri “gabahat” diýip häsiýetlendirdi.

Baku bolsa hadysanyň “Orsýet bilen Azerbaýjanyň ikitaraplaýyn doganlykly gatnaşyklaryna täsir etmez” diýip umyt bildirdi.

Meseläniň nämedigini has takyk aýdanymyzda; "Ýewrowideniýe 2013" aýdym ýaryşynda Orsýete berilen sesleriň ogurlanan bolmak ähtimallygydyr.

Azerbaýjanly resmiler 18-nji maýda Şwesiýanyň Malmo şäherinde geçirilen aýdym aýtmak boýunça bäsleşikde Orsýete Azerbaýjanyň näme sebäpden “nol bal” berendigini derňeýär.

Derňewler

Azerbaýjanly tomaşaçylaryň ýaryşda Orsýetiň adyndan çykyş eden Dina Garipowa ses berip sms-ler arkaly oňa ikinji orny mynasyp görendikleri ýüze çykansoň derňew işleriniň ugruna çykyldy.

Ýöne Azerbaýjanyň döwlet telewideniýesinde Orsýet üçin hiç hili bal berilmedigi aýdyldy.

21-nji maýda sişenbe güni Moskwada Azerbaýjanyň daşary işler ministri Elmar Mämmetýärow bilen Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň eden metbugat çykyşynda iki döwlet hem ahmal bolan düzgün bozmalary ýakyndan derňejekdiklerini bellediler.

Mämmetýarow Azerbaýjanyň döwlet telewideniýesi ýaryşy gurnaýan Ýewropa Teleradioýaýlymlar bileleşiginiň esasy hyzmatdaşy bolandygy üçin ýagdaý barada döwlet telewideniýesiniň düşündiriş bermäge jogapkärdigini aýtdy.

“Azerbaýjanda bar bolan üç sany öýjükli aragatnaşyk kärhanasyndan alynan maglumatlara görä Orsýetiň adyndan çykyş eden aýdymça ikinji ýer berilipdi. Hany şol berilen sesler nirä gitdi? Olar nädip ýitirim boldy?” diýip, Elmar Mämmetýärow belledi.

Lawrow bu “gabahatçylykly” hadysanyň jogapsyz goýulmajakdygyny belledi: “Elbetde, öz ýurdumyzyň adyndan çykyş eden aýdymçynyň 10 balynyň ogurlanandygyny bilmekde hiç hili begenere zat ýok.”

Azerbaýjanyň döwlet teleradioýaýlymlar müdirliginiň başlygy Jamil Guliýew öz beýanatynda “käbir mälim bolan belli toparlar tarapyndan gozgalýan bu hadysanyň iki halkyň arasyndaky doganlykly gatnaşyklara zeper ýetirmejekdigine umyt edýändigini aýtdy.

Ses berlişik

“Ýewrowideniýe” ýaryşyna gatnaşan döwletleriň tomaşaçylary telefon ýa-da sms arkaly ses berdiler. Soňra olaryň beren sesleri telefon operatorlaryndan jemlenip telewideniýede göni ýaýlym arkaly ýaryşyň geçirilýän ýerine bildirildi.

Orsýet Azerbaýjanyň adyndan çykyş eden Farid Mämmedowa iň ýokary bal bolan 12 bal berdi. Mämmedowyň “Hold me” (“Sakla meni”) atly balladasy Daniýanyň “Only teardrops” (“Diňe gözýaşlary”) atly aýdymyndan soň ikinji ýere mynasyp boldy.

“What if...” (“Eger birden”) atly aýdym bilen Orsýetiň adyndan çykyş edip 5-nji orna mynasyp bolan Garipowa üçin Azerbaýjanyň bermeli 10 balynyň gaty kän bir täsiri bolmazdy.

Ýöne şonda-da “ýiten ballar” bäsleşigiň ýokary derejede syýasylaşdyrlan ses beriş sistemasyna, şeýle hem ýurtlaryň geopoltiki ýagdaýlary nazara alyp ses berýändiklerine ünsi çekdi.

2012-nji ýylda Ýewrowideniýe bäsleşigi Azerbaýjanda geçirlipdi. Şol wagt Azerbaýjandaky adam hukuklarynyň kemsidilmegi, şeýle-de Bakuwdaky “Ýewrowideniýe” arenasynyň gurluşygy hem-de muňa taýýarlyk işleri üçin jaýlaryň ýykylmagy barasyndaky kanun bozmalar tankyt edilipdi.
XS
SM
MD
LG