Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlawlara dalaşgärler hasaba alyndy


Eýranyň Baş kanunyna gözegçilik edýän täsirli sakçylar geňeşiniň ýolbaşçysy Aýatollah Ahmad Jannati.
Eýranyň Baş kanunyna gözegçilik edýän täsirli sakçylar geňeşiniň ýolbaşçysy Aýatollah Ahmad Jannati.
Eýranda 14-nji iýunda geçjek saýlawlarda prezident Mahmud Ahmedinejadyň ornuny tutmaly dalaşgärleriň gysga resmi sanawy şu hepdede jemgyýetçilige ýetiriler.

Dalaşgärlere öz atlaryny hasaba aldyrmak üçin bellenen 5 günlük möhlet 11-nji maýda soňlandy. Hasaba alnanlaryň sany 600-den gowrak.

Dalaşgärleri elekden geçirip, kandidatlygy oňlanan adamlaryň gysga sanawyny düzmek wezipesini "Gözegçiler geňeşi" ýerine ýetirýär.

Eýranyň saýlawlar kanuny boýunça bu gudraty güýçli Geňeş öz düzen sanawyny 21-nji maýa çenli Içeri işler ministrligine gowşurmaly. Saýlawyň guramaçylyk işlerini ýola goýýan bu ministrlik hem 23-nji maýa çenli gutarnykly atlary yglan etmeli. Şondan soň Geňeşiň eleginden geçen dalaşgärlere öz saýlaw kampaniýasyny geçirmäge üç hepde wagt berilýär.

Eýranyň Ýokary ruhy ýolbaşçysy Aýatolla Ali Hameneýi.
Eýranyň Ýokary ruhy ýolbaşçysy Aýatolla Ali Hameneýi.
"Gözegçiler geňeşiniň" 12 agzasy bu wezipä saýlawsyz gelýär. Olaryň altysyny Ýokary ruhy ýolbaşçy Aýatolla Ali Hameneýi belleýär. Galan altysyny bolsa kazylar belleýärler. Kazylary hem bu wezipä belleýän Ýokary ruhy ýolbaşçynyň özi.

Kim hem bolsa, bir adamyň dalaşgär hökmünde kabul edilmegi üçin belli şertler bar. Mysal üçin, onuň bilim derejesi, syýasy iş tejribeleri ýa ýaşy göz öňünde tutulýar. Dalaşgäriň ýaşy 18-den az bolmaly däl, ýokary ýaş barada bellenen bir çäk ýok. Ýöne ýurduň resmi dini şaýy yslama berlenlik, Yslam respublikasynyň prinsiplerine ynam ýaly jedelli kriteriler-de bar.

Eýranyň saýlawlar kanunynda "Gözegçiler geňeşine" çäksiz diýen ýaly ygtyýarlyk berilýär. Mysal üçin, bir dalaşgär gerekli şertleri berjaý etse-de, Geňeş ony subýektiwlik bilen kandidatlykdan çykaryp bilýär.

Ekspertleriň pikiri

Britaniýanyň Birmingem uniwersitetinden Eýran boýunça ekspert Skott Lukas muny şeýle düşündirýär: "Resmi jogap boýunça, bu iş dalaşgärleriň kwalifikasiýasyna, olaryň yslam sistemasyna laýyklygyna esaslanýar. Ýöne biziň geçmişde dalaşgärleriň ‘men kandidatlyga laýyk’ diýip, ony tankytlaýanlaryň hem ‘laýyk däl’ diýenini gördük. Geňeşiň belli bir karara nädip gelýändigi barada ýazga geçirilen zat ýok. Olar diňe şu adam dalaşgär bolup bilýär diýýärler".

Waşingtonyň Ýakyn Gündogary öwreniş baradaky institutynyň ylmy barlag direktory Patrik Klawsonyň garaýşyça, Hameneýiniň Geňeşe edýän täsiri prezidentlige dalaşgärleriň sanawyna kimleriň alynmalydygyny gutarnykly karar edýäniň Ýokary ruhy ýolbaşçynyň özidigini görkezýär.

"Ýokary ruhy lideriň ”Gözegçiler geňeşine” kimiň sanawa alynmaly ýa alynmaly däldigini aýdýandygyna şek etmeseň bolar. Onuň Geňeşe belli atlary bermän, diňe ýol görkezýän bolmagy hem mümkin" diýip, Klawson aýdýar.

Eýranyň saýlaw düzgüni halkara jemgyýetçiligi tarapyndan köplenç tankytlanyp gelindi. Bu barada ýaňy golaýda beýanat beren Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretarynyň kömekçisi Wendi Şerman boldy. Ol 15-nji maýda Senatyň Daşary gatnaşyklar baradaky komitetine ýüzlenip: "Aç-açan proses bolmasa, biziň Eýrandaky saýlawlar erkin, adalatly ýa ol Eýran halkynyň isleglerini şöhlelendirýär diýmegimiz kyn" diýdi.
XS
SM
MD
LG