Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saakaşwili tussag edişlikleri ýazgardy


Çarşenbe güni Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili öz partiýasynyň ýokary derejeli resmilerinden birnäçesiniň tussag edilmegini syýasy matlaba esaslanýan tussag edişlik hökmünde häsiýetlendirip, muny ýazgardy.

Saakaşwili ýurduň ozalky premýer-ministri Iwane Merabişwiliniň sişenbe güni korrupsiýada aýyplanyp, tussag edilmegini Ukrainanyň ozalky premýer-ministriniň tussag edilmegi bilen deňeşdirdi.

“Siz bilýäňizmi, Ukrainada ozalky premýer-ministr has çynlakaý aýyplamalar esasynda tussag edildi. Şondan bäri Ukraina nähili ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär? Onuň Ýewropa Bileleşigi bilen integrasiýa prosesi doňup galdy” diýip, prezident Saakaşwili öz syýasy opponentlerine duýduryş berdi.

Sişenbe güni Gürjüstanyň polisiýasy ýurduň ozalky premýer-ministri Iwane Merabişwilini we ozalky saglyk ministri, häzirki wagt Kaketi regionyna gubernatorlyk edýän Zurab Çiaberaşwilini korrupsiýada aýyplap tussag etdi.
XS
SM
MD
LG