Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň parlamenti goşa raýatlyga garady


Orsýetiň Federasiýa Geňeşiniň maslahaty

Orsýetiň Federasiýa Geňeşiniň maslahaty

21-nji maýda Orsýetiň Federasiýa Geňeşinde Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky goşa raýatlyk bilen bagly meselä garaldy. Maslahata orsýetiň parlamentiniň ýokarky we aşaky öýelriniň wekilleri, halkara gatnaşyklary boýunça parlament komitetleriniň ýolbaşçylary, Daşary işler ministrliginiň resmileri, ilçiler, Migrasion gullugyň resmileri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Azatlyk Radiosy Moskwada geçirlen bu maslahata gatnaşan “Türkmenistanyň rus jemgyýetiniň” öňki başlygy Anatoliý Fomin bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Maslahatyň gün tertibinde nämä garaldy?

Anatoliý Fomin: Maslahatda goşa raýatlyk bilen bagly meselä, hem umumy derejede, hem-de Türkmenistan bilen bagly problemalaryň çäginde garaldy. Şu günki gün Orsýet beýleki ýurtlar bilen goşa raýatlyk boýunça täze kanunyň üstünde işleýär, munuň bilen bir wagtda Türkmenistan bilen goşa raýatlyk meselesinden çykalga tapmaga çalyşýar.

Azatlyk Radiosy: Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky goşa raýatlyk bilen baglanyşykda nähili pikirler öňe sürüldi?

Anatoliý Fomin: Maslahata Orsýetiň hökümet wekilleri, Daşary işler ministrliginiň we Migrasiýa gullugynyň resmileri çagyryldy. Olar häzirki wagtda goşa raýatlyk meselesi boýunça türkmen hökümeti bilen batly depginde gepleşikleriň alnyp barylýandygyny aýtdylar. Olar 2003-nji ýyla çenli orsýet raýatlygyny alan türkmenistanlylaryň iki ýurduňam raýatlygyny saklamagyny gazanmak ugrunda tagalla edýändiklerini habar berdiler.

Azatlyk Radiosy: 2003-nji ýyla çenli orsýet raýatlygyny alan türkmenistanlylaryň sany barada maglumat berildimi?

Anatoliý Fomin: Türkmenistanda 2002-nji ýyla çenli 100 müň adam Orsýetiň raýatlygyny alypdyr. Jemi orsýet pasportyny alanlaryň sany 138 müň adam diýlip habar berildi. Maslahatda aýdylyşyna görä, häzirki wagtda 2003-nji ýyla çenli Orsýetiň raýaty bolan 100 müňe golaý adamyň goşa raýatlygyny saklap galmaklary, olaryň Türkmenistanyň täze pasportyny päsgelçiliksiz almaklary, ýurduň daşyndakylaryň bolsa täze pasporty Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryndan almaklary üçin mümkinçilik döretmek ugrunda gepleşikler gidýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda goşa raýatlygy bolan adamlaryň kynçylyklary barada maglumat berildimi?

Anatoliý Fomin: Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň we Migrasiýa gullugynyň wekilleri birnäçe mysallary getirdiler. Olar Türkmenistanda häkimiýet organlarynda işleýän goşa raýatlygy bolan adamlara orsýet pasportyny tabşyrmadyklaryň işden kowuljakdygynyň duýdurylandygy barada aýtdylar. Häzirki wagtda mekdep okuwçylaryndan öz ene-atalarynda orsýet raýatlygynyň bolup-bolmazlygy barada habar bermek talap edilýär diýen maglumatlar hem maslahatda orta atyldy.

Azatlyk Radiosy: Orsýet häkimiýetleri Türkmenistandaky raýatlaryny goramak üçin nähili işiň alnyp barylýandygyny takyklaşdyrdylarmy?

Anatoliý Fomin: Orsýet öz pozisiýasyny mälim etdi. Orsýetiň Döwlet Dumasy şu ýylyň mart aýynda ýörite diňlenişik geçiripdir. Indi Orsýetiň Federasiýa Geňeşi-de bu mesele boýunça netije çykardy. Parlament Orsýetiň prezidentine ýüzlenip, Türkmenistanda Orsýetiň raýatlarynyň bähbitlerine zyýan ýetmezligi üçin çäre görmegi talap etmekçi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda ylalaşyga gelinmegine näme päsgel berýär. Bu sowala jogap berildimi?

Anatoliý Fomin: Biziň beren şeýle sowalymyza Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň iki sany wekili jogap berdiler. Olar biragyzdan mesele boýunça çynlakaý iş alnyp barylýandygyny, meseläniň ýokary derejede çözülmelidigini aýtdylar we alnyp barylýan işiň netije bermegine garaşylýandygyny bellediler. Emma Türkmenistanyň pozisiýasy we onuň näme bilen ylalaşmaýandygy barada habar bermediler.

Maslahatda halkara tejribelerinden käbir mysallary hem getirdiler. Olara görä, beýleki ýurtlara gezek gelende goşa raýatlyk uly problema döretmeýär. Bu diňe Türkmenistan bilen goşa raýatlyga mahsus bir ýagdaý bolmaga çemeli. Häzirki wagtda bar bolan ýörgünli pikirlere görä, türkmen tarapy goşa raýatlygy ýatyrmak bilen türkmenleriň ýurduň çäklerinde [hemişelik] galmagyny isleýär, şeýle-de goşa raýatlygyny peýdalanyp ýurduň daşyna çykan oppozision pikirli adamlaryň Türkmenistana gaýdyp barmazlygyny isleýär.
XS
SM
MD
LG