Sepleriň elýeterliligi

logo-print

"Türkiýe Burslari" arzalary kabul edýär


Gyrgyzstandaky gyrgyz-türk "Manas" uniwersiteti

Gyrgyzstandaky gyrgyz-türk "Manas" uniwersiteti

Türkiýe döwletiniň stipendiýaly okuw mümkinçiliklerini hödürleýän "Türkiýe Burslari" programmasy boýunça ýokary okuwlary üçin arza kabul edişlik başlandy.

Dokumentler 6-njy maýdan 6-njy iýuna çenli kabul ediler. Bu barada Türkiýäniň stipendiýaly okuw mümkinçiliklerini hödürleýän www.turkiyeburslari.gov.tr websahypasy habar berýär.

Websahypada habar berilmegine görä, Türkiýede ýokary bilim almak isleýän türkmen talyplary “Saglyk bilimleri”, “Ylahyýet” we “Türk dili we edebiýaty” bölümlerinden başga hödürlenýän programmalara arzalaryny tabşyryp bilerler.

Türkiýe döwletiniň hödürleýän stipendiýaly okuw programmasynda, ýokary okuwyny Türkiýede okamaga mümkinçilik gazananlar aýda 300$ stipendiýa bilen üpjün edilerler.

Websahypada bellenmegine görä, okuwa kabul edilenler döwletiň umumy ýaşaýyş jaýlarynda mugt galyp bilýärler we ýerleşen ýokary okuw jaýy üçin hiç hili pul tölemeýärler.

Şeýle-de, studentler okuwa başlamazdan öň bir ýyl mugt türkçe dil okuwyny okarlar we ýokary okuwyny tamamlaýançalar, saglyk ätiýaçlandyryşlary bilen hem üpjün edilerler diýlip, websahypada bellenilýär.

Ýokary okuwyny Türkiýede okamaga mümkinçilik gazananlar, bir ýyl türk dilini öwrenýän döwründe hem hödürlenýän ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp bilerler.

Studentler ilkinji gezek Türkiýä gelenlerinde hem-de okuwyny tamamlap yzyna dolananlarynda, olaryň ýol çykdajylaryny Türkiýe döwleti öz üstüne alýar.

Websahypada bellenmegine görä, Türkiýede ýokary okuwy okamaga arza tabşyrmak üçin, ondan aşaky bilim derejesinde okuwyny tamamlan (Ýagny orta bilimini tamamlan) ýa-da üstümizdäki okuw ýylynda (şu ýyl) orta mekdeplerden uçurym bolýan okuwçylar dokumentlerini tabşyryp bilerler.

Hödürlenýän bu programma laýyklykda, ýokary okuw üçin dokument tabşyrjak abiturientler 01.01.1992 ýylda ýa-da ondan soň doglan bolmaly.

Türkiýe döwletinde ýokary okuwy okamak isleýänler dokumentlerini elektron görnüşde turkiyeburslari.gov.tr internet adresine tabşyryp bilerler.
XS
SM
MD
LG