Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Dalaşgärleriň sanawy yglan edildi


Eýranda 14-nji iýunda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda bäsleşjek dalaşgärleriň sanawy.

Eýranda 14-nji iýunda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda bäsleşjek dalaşgärleriň sanawy.

Eýranyň içeri işler ministri prezident Mahmud Ahmedinejadyň ornuny, ýagny Eýranda prezidentlik wezipäni eýelemek üçin ýurtda 14-nji iýunda geçiriljek saýlawlarda bäsleşjek dalaşgärleriň gysga sanawyny yglan etdi.

Häzirki wagtda sekiz adam Eýranyň Baş kanunyna gözegçilik edýän täsirli ”Sakçylar geňeşiniň” gözegçiligindäki derňew prosesinden geçdi. Agzalýan bu geňeşde Eýranyň Ýokary ruhy ýolbaşçysy Aýatolla Ali Hameneýä wepaly bolan konserwatiwler agdyklyk edýär. Ynha, saýlawlara gatnaşmaga hukuk gazanan kandidatlaryň sanawy.

Said Jalili

Said Jalili

Said Jalili

47 ýaşly Said Jalili 2007-nji ýyldan bäri Eýranyň ýadro programmasy boýunça geçirilýän gepleşiklere gatnaşýan wekili bolup işleýär. Şeýle-de ol Eýranyň Ýokary ruhy ýolbaşçysynyň ýörite wekilidir.

Jalili Yslamçy rewolýusionerleriň ikinji nesline wekilçilik edýär. Şeýle-de ol Eýran-Yrak urşy döwründe aýagyndan mahrum bolupdy. Jalili prezident Mahmud Ahmedinejadyň maslahatçysy bolan Aýatolla Mohammad Taghi Mesbah Ýazdi tarapyndan goldanylýar. Şeýle-de Jalili Eýranyň Ýokary ruhy ýolbaşçysy aýatolla Ali Hameneýiň goldawyna hem ynamyna eýe. Jalili özüniň syýasy kariýerasyna 1990-njy ýyllarda başlapdy.

Ali Akbar Welaýaty

Ali Akbar Welaýati

Ali Akbar Welaýati

67 ýaşly Welaýaty Hameneýiň halkara işleri boýunça esasy maslahatçysy. Ol 1980-88-nji ýyllardaky Yrak urşy döwründe we 1990-njy ýyllarda Eýranyň daşary işler ministri wezipelerinde işledi.

Şeýle-de Welaýaty konserwatiw lagerdäki birnäçe täsirli şahslaryň goldawyna hem eýedir. Ol, 2005-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda öňki prezident Akbar Haşemi Rafsanjany saýlawlara gatnaşjakdygyny yglan edenden soň, bäsleşikden çekilipdi
.
Welaýaty Eýranda pediatriýa bölümi boýunça ýokary okuwy tamamlandan soň, 1970-nji ýyllarda Baltimoryň Jon Hopkins uniwersitetinde ýokanç keseller ugry boýunça alan bilimini ýöriteleşdirýär. Ol käri boýunça fizik bolup, häzirki wagtda Tähranyň demirgazygyndaky keselhanalaryň birinde işleýär. Şeýle-de Argentina, Welaýatynyň 1994-nji ýylda Buenos-Airesdäki ýewreý merkezinde amala aşyrylan bomba partlamasyna ilteşiginiň bardygyny aýdyp, oňa aýyplama bildiripdi.

Mohammad Bagher Kalibaf

Mohammad Bagher Kalibaf

Mohammad Bagher Kalibaf

51 ýaşly Kalibaf häzirki wagtda Tähranyň häkimi wezipesinde işleýär. Aram konserwatiwlerden hasaplanýan Kalibaf hem Eýranyň Rewolýusiýasyny goraýjy sakçylar toparynyň komandirlerinden biridir.

Hameneýi Kalibafy 1996-njy ýylda agzalýan toparyň Howa güýçleriniň komandiri wezipesine belledi. Kalibaf bu wezipä gelmezinden ozal pilotlyk ugry boýunça türgenleşik çärelerini geçiripdi. Ol bu wezipede üç ýyl işledi.

2005-nji ýylda Eýranda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Kalibaf sesleriň diňe 14%-ine eýe bolup, saýlawlaryň ikinji tapgyryna gatnaşmakdan mahrum edilipdi. Kalibaf özünde bolan dolandyryjylyk ukybynyň kömegi bilen dini sistemanyň arasynda barha köp goldaw gazanýar. Eýranyň demirgazyk-gündogarynda doglan Kalibaf Tähran uniwersitetiniň syýasy geografiýa ugry boýunça doktorlyk derejesine eýe.

Mohsen Rezai

Mohsen Rezai

Mohsen Rezai

58 ýaşly Rezai Eýranyň ”Rewolýusiýanyň sakçylary” toparynyň öňki baş komandiridir. Ol 2009-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlaryny 2% sesiň azlygy sebäpli, dördünji ýer bilen tamamlapdy. Şol saýlawlarda Rezai Ahmedinejadyň ykdysadyýeti ýalňyş dolandyrýandygyny tankytlaýan saýlaw kampaniýasyny alyp barypdy. Ol güýçli hem-de özüne çekiji dalaşgär hasaplananok.

Gholam Ali Haddad Adel

Gholam Ali Haddad Adel

Gholam Ali Haddad Adel

68 ýaşly Adel 2005-2008-nji ýyllar aralygynda parlamentiň metbugat wekili wezipesinde işledi. Häzirki wagtda ol ýurtda konserwatiwleriň güýçli sesi hasaplanýar.

Adeliň gyzy Eýranyň Ýokary ruhy ýolbaşçylarynyň biriniň ogluna durmuşa çykypdy. Adel, Hameneýiň ýakyn ynamdary bolup, ol Yslamy gollanma ministriniň, Bilim ministriniň orunbasary we Eýranyň Pars dili we edebiýaty akademiýasynyň ýolbaşçysy ýaly ençeme döwlet wezipelerinde işledi.

Adel Tähranda doglup, onuň Tähran uniwersitetiniň filosofiýa bölüminden doktorlyk derejesi bar. Häzirki wagtda Adel şol uniwersitetiň filosofiýa bölüminde hem işleýär.

Mohammad Reza Aref

Mohammad Reza Aref

Mohammad Reza Aref

61 ýaşly Aref orta garaýyşly adam bolup, ol öňki reformaçy prezident Mohammad Hataminiň ýanynda wise-prezident wezipesinde işläpdi. Onuň 2009-njy ýylda Eýrandaky saýlawlaryň yzysüre geçirilen köpçülikleýin protestlerden soň häkimiýetden üzňeleşdirilen reformist gatlakdan goldaw alyp biljegine garaşylýar.

Aref Tähranyň Şarif Tehnologiýa uniwersitetiniň professorydyr. Hataminiň prezidentlik eden döwründe Aref Informasiýa we Aragatnaşyk tehnologiýa ministri ýaly ençeme wezipeleri ýerine ýetiripdi.

Aref 2008-nji ýylda parlament saýlawlaryna gatnaşmak üçin hasaba alnypdy. Ýöne reformaçy dalaşgärleriň saýlawlara gatnaşmakdan mahrum edilmegine garşy çykyp geçiren protestleri netijesinde parlament saýlawlaryndan çetleşdirilipdi.

Hasan Rohani

Hassan Rohani

Hassan Rohani

64 ýaşly bu din hadymy ýadro gepleşikleri boýunça öňki araçy we Ýokary milli howpsuzlyk geňeşinde Hameneýiniň wekili wezipesini ýerine ýetirýär. Bu Geňeş hem ýurduň ýadro programmasy bilen bagly işler bilen gyzyklanýar.

Şeýle-de Rohani Ýokary ruhy ýolbaşçyny wezipä saýlamaga we wezipeden aýyrmaga hukugy bolan Eýranyň ekspertler assambleýasynyň agzasydyr. Parlamentiň metbugat wekiliniň öňki orunbasary bolan Rohani öňki prezident Ali Akbar Haşemi Rafsanjaniniň ýakyn adamydyr. Rafsanjani şu ýyl geçiriljek saýlawlarda dalaşgärlikden çetleşdirildi.

2003-nji ýylda Rohani Eýranyň ýadro gepleşikleri boýunça araçy toparynyň ýolbaşçysy wezipesinde işläp başlapdy. Ol bu wezipesini 2005-nji ýylda Ahmedinejad prezidentlige saýlanýança ýerine ýetiripdi. Şondan bäri Rohani Ahmedinejadyň alyp barýan ykdysady syýasatyny we halkara arenasynda dawaçyl hereketlerini tankytlap gelýär. Rohani Günbataryň bilimini alyp, onuň Glazgow uniwersitetiniň hukuk bölüminden doktorlyk derejesi bar.

Mohammad Gharazi

Mohammad Gharazi

Mohammad Gharazi

Eýranyň öňdäki prezident saýlawlarynda belli sekiz dalaşgärleriň soňkusy öňki gaz we telekomunikasiýa ministri Gharazidir. 71 ýaşly Gharazi 1980-90-njy ýyllarda parlamentde işledi. Ol konserwatiw we tehnokrat dalaşgär hasaplanýar.
Garazi bir wagtlar Eýranyň sürgündäki ”Halk mujahedinleri” opppozision toparynyň agzasy bolupdy. Habar berilmegine görä, ”Halk mujahedinleri” topary, Yrak-Eýran urşy döwründe Saddam Huseýiniň tarapynda söweşmek üçin Yraga gidende, Gharazi şol topary terk edipdir.
XS
SM
MD
LG