Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merabişwiliniň tussag möhleti uzaldyldy


Gürjüstanyň sudy çarşenbe güni ýurduň ozalky premýer-ministri Wano Merabişwilini iki aý möhlete çenli wagtlaýyn tussaglykda saklamak barada karar çykardy.

Kutaisi şäheriniň sudy korrupsiýada aýyplanýan ozalky premýer-ministriň sud prosesine çenli tussaglykda saklanmalydygyny aýdýar.

Hepdäniň sişenbe güni Wano Merabişwili bilen birlikde Gürjüstanyň ozalky saglyk ministri Zurab Çiaberaşwili hem tussag edilipdi. Ýöne sud oňa 20 müň lari, ýagny 13 müň dollar girewine pul goýmak esasynda häzirlikçe azatlykda galmaklyga rugsat berdi.

Gürjüstanyň prokuraturasy bu ozalky resmileriň ikisini-de hökümet wezipelerinde işlänlerinde Mihail Saakaşwiliniň ozalky dolandyryjy partiýasynyň agzalaryndan 22 müňden gowragyna Saglyk ministrliginden aýlyk alýan işgärler hökmünde aýlyk hakyny ýazanlykda we käbir beýleki maliýe galplyklarynda aýyplama bildirýär.
XS
SM
MD
LG