Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kameron ganly hüjüme alada bildirdi


Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron çarşenbe güni Londonda bir raýatyň paltalanyp öldürilmegi bilen bagly wakany ýazgaryp çykyş etdi. Bu waka düýn Londondaky harby kazarmalaryň biriniň golaýynda ýüz berdi.

Elleri et çapýan çapgyly iki adam düýn bir raýata hüjüm edip, ony çapyp öldürenlerinde hüjümçiler yslam dinini goldaýjy şygarlary gygyryşdylar. Polisiýa hüjümçileriň ikisini-de atyp ýaralady.

Ýöne Londonda bu ganly hüjümi amala aşyran bu iki adamyň we olar tarapyndan öldürilen adamyň şahsyýetleri barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär. Britaniýanyň käbir habar çeşmeleri bu hüjümçileriň asly nigeriýaly britan raýatlarydygyny habar berýärler.
XS
SM
MD
LG