Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň oppozisiýasy maslahat geçirýär


Siriýanyň oppozision Milli Koalisiýasy Türkiýäniň Stambul şäherinde maslahat geçirýär.

Bu maslahatda esasan Siriýadaky konfliktleriň soňuna çykmak boýunça planlaryň çäklerinde prezident Başar al-Assadyň režimi bilen gepleşik geçirmek mümkinçiliklerine garalar diýlip garaşylýar.

Bu maslahatyň öňýany, ýakynda Birleşen Ştatlar bilen Orsýet Siriýanyň dürli syýasy toparlarynyň wekillerini öz içine aljak halkara konferensiýasynyň geçirilmegi baradaky ideýany öňe sürdüler.

Şu çaka çenli Siriýanyň esasy oppozision koalisiýasy prezident Başar al-Assad bilen nähilidir gepleşikleriň geçirilmegine garşy çykyş edip gelýär.
XS
SM
MD
LG