Sepleriň elýeterliligi

AI Türkmenistana ýaramaz baha berdi


Penşenbe güni “Amnesty International” guramasy dünýäniň 159 ýurdundaky, şol sanda Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna-da baha berip, özüniň ýyllyk hasabatyny ýaýratdy.

Bu hasabatda “Amnesty International” guramasy Türkmenistany adam hukuklary boýunça iň bir ýaramaz görkezijili ýurtlaryň hatarynda goýupdyr.

Hususan-da, onda Türkmenistanda henizem ynsan hukuklaryny goraýjy guramalaryň we aktiwistleriň erkin iş alyp barmaklaryna ýol berilmeýändigi, söz we metbugat azatlygynyň uly çäklendirmeleriň astynda bolmagynda galýandygy aýdylýar.

Şeýle hem, hasabatda adam hukuklary bilen baglanyşykly iş alyp barýan daşary ýurt halkara guramalarynyň Türkmenistana sapar etmeklerine we ýagdaýa syn etmeklerine ýol berilmeýändigi-de bellenipdir.

“Amnesty International” guramasy 2002-nji ýylda Türkmenistanyň ozalky prezidentine hüjüm edilmek synanyşygynda aýyplanyp tussag edilen adamlaryň ykbaly barada henize çenli olaryň dogan-garyndaşlaryna maglumat berilmeýändigi bilen baglanyşykly meselä-de ünsi çekdipdir.
XS
SM
MD
LG