Sepleriň elýeterliligi

Aşgabadyň gerimi giňeldilmekçi


Düýn prezident G.Berdimuhamedow paýtagt Aşgabady ösdürmeklige we onuň gerimini giňeltmeklige bagyşlap, ýörite maslahat geçirdi. Maslahata hökümet agzalary, Mejlisiň başlygy, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem käbir pudak ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahatda prezident G.Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň halkara we dünýä derejesinde geçirilýän möhüm çäreleriň merkezine öwrülendigini bellemek bilen, bu ýagdaýyň paýtagt Aşgabady ösdürmek boýunça täze meseleleri öňde goýýandygyny nygtady.

Ol şu planlaryň çäklerinde Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabyny we Abadan şäherini paýtagta birikdermekligiň hem-de şu meseleler bilen baglanyşykly paýtagtyň töwereklerinde infrastrukturalary täzeçe gurnamaklygyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Şu göz öňünde tutulýan planlar bilen baglanyşykly-da prezident degişli ýolbaşçylara tabşyryklar berdi.
XS
SM
MD
LG