Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Uzak Gündogarynda ýer yrandy


Anna güni irden Orsýetiň Uzak Gündogar regionynda güýçli ýer yranmasy ýüz berdi. Birleşen Ştatlaryň Geologik gözegçilik gullugy güýji 8.2 bal bolan bu ýer yranmanyň episentriniň Orsýetiň gündogaryndaky Ohot deňziniň territoriýasynda bolandygyny aýtdy.

Ýöne deňziň düýbündi bolan bu güýçli ýer yranmanyň sarsgyny Orsýetiň Sibir we Uzak Gündogar regionlarynda 5 ball töweregi ýer yranmanyň döremegine getirdi.

Ýer sarsgynynyň yzy bilen Orsýetiň häkimiýetleri Sahalin we Kuril adalarynyň ýaşaýjylaryny ýüze çykmagy mümkin sunami howpundan goranmak üçin deňiz derejesinden has belentliklere çakmaklyga çagyrdylar.

Anna güni az-owlak ýer sarsgynlarynyň hatda paýtagt Moskwada-da duýlandygy habar berilýär. Ýöne edil häzirki wagta çenli nähilidir bir adam ýitgileriniň bolandygy barada maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG